Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1687942
Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Lionel Messi gözýaşy bilen Barselona futbol topary bilen hoşlaşdy. 

Le Monde: Gresiýadaky ýangynlar: Ewia adasyndaky ýangyn entegem gözegçilik astyna alynyp bilinmedi, Afiny şäheriniň demirgazygyndaky ýangyn bolsa gözegçilik astyna alyndy. 

Le Figaro: Fransiýada Kowid-19: 1500-den gowrak adam hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde. Bir hepde ozal şol görkeziji 1000 adamdan hem azdy.

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Gresiýada ýangyn söndüriji uçar ýangynlary söndürýän mahaly ýere gaçdy. Uçar heläkçiliginde uçarman halas boldy. 

Rossiýskaýa gazedi: Türkiýede ýaşaýyş ýerlerine howp salýan ähli tokaý ýangynlar söndürildi. 

TASS: Russiýa Dominik Respublikasy, Moldowa, Bahreýn ýaly ýurtlardaky syýahatçylyk zolaklaryna  uçar saparlaryny ýaňadandan başlatdy. 

RT: Russiýanyň Olimpiýa komitediniň başlygy Stanislaw Pozdnýakow, Russiýanyň milli türgenleriniň 2022-nji ýyldaky Gyşky Olimpiýa oýunlaryna Russiýanyň Olimpiýa komitediniň baýdagynyň astynda we ýurdyň milli senasynyň ýerine Pýotr Çaýkowskiniň sazy bilen gatnaşjakdygyny habar berdi. 

El País (Ispaniýa): Kowid-19-yň Delta görnüşi Ispaniýada sentýabr aýynda açylmagy meýilleşdirilýän mekdeplere wehim salýar. 

El Klarín (Argentina): Lionel Messi gözýaşy bilen Barselona futbol topary bilen hoşlaşdy: "Galmak üçin ähli zat edipdim" diýip habar berdi. 

Telesur (Wenesuela): Çili Kowid-19 pandemiýasynda ýogalan adamlar üçin 2 günlük ýas yglan etdi. 

Tageschau.de: Germaniýada koronawirus sanjymyny etdirmeýänlere garşy basyşlar artdyrylar. 

Stern: Germaniýanyň Tokio olimpiýa oýunlary görkezijisi: Iki skandal we 30 ýylyň iň erbet netijesi. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar