Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1686705
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kudus Al-Arabi: Eýranyň täze Prezidentine ABŞ-dan ýüzlenme: "Diplomatiýa mümkinçiligini gowy netijelendiriň" diýip belledi.  

Al-Raýa (Katar): Fransiýa tarapyndan geçirilen Liwiýa temaly maslahatda 370 million dollar pul serişdesi ýygnaldy. 

Al Jazeera: Owganystanda Taliban obalyk ýerleriden soň indi bolsa şäherlere hüjüm etmäge başlady. BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi maslahat geçirer, halkara arena bolsa ylalaşyk üçin tagalla eder. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýadaky 5 awtonom zolak, garrylar öýünde galýan adamlara sanjym edilmeginiň we hepdede 2 gezek test etdirmegiň mejbur ýagdaýa getirilmegini isleýär. 

El Mundo (Ispaniýa): Barselona futbol topary: "Messi mundan beýläk Barselonda oýnamaz" diýip habar berdi. 

TeleSur (Wenesuela): Gwatemalanyň Döwlet baştutany Alehandro Džammatteiniň wezipesinden çekilmegi üçin geçirilýän giň-gerimli protestler dowam edýär. 

Deutsche Welle: Germaniýadaky her 10 adamyň 9-y kiber hüjüme sezewar galdy. 

zdf.de: Germaniýanyň futbolynyň ýatdan çykmajak ýyldyzlarynyň biri bolan Mihael Ballakyň 18 ýaşyndaky ogly Emilio, Portugaliýada bolan motosikl heläkçiliginde ýogaldy. 

Welt.de: Ysraýylyň Harby-howa güýçleri Liwandaky ýerlere howa hüjümini gurady. 

TASS: Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Donbass sebitinde ýaşaýan adamlara rus pasportlarynyň berilmegi sebäpli Russiýany halkara hukugyň düzgünini bozmak bilen günäkärledi. 

Izwestiýa: ABŞ raýatlaryň Russiýa syýahat etmezlikleri baradaky duýduryşy dowam edýär. Amerikalylardan esasan hem Demirgazyk Kawkaza we Kryma gitmekden saklanmaklary barada maslahat berilýär. 

RIA Nowosti: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Ýewropanyň Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Russiýada geçiriljek saýlawlara synçy ugratmazlyk barada karar kabul etmegine gynanandygyny beýan etdi.

Le Figaro: ABŞ-da Guantanomo tussaghanasynyň ýapylmagy üçin Demokratlar Jo Baýdene basyş edýär. 

France 24: Gresiýa: "Ýangyn söndürijiler Afinanyň bosagasyna gelen ýangyny söndürmek üçin göreş alyp barýar" diýip belledi. 

Le Soir (Belgiýa): Barselonda ýene-de bir eýýam ýapylýar: Lionel Messi topardan çykdy. 



Degişli Habarlar