Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1681992
Daşary ýurt metbugatyna syn

Frankfurter Allgemeine Zeitung: ABŞ-nyň Pfizer derman kärhanasy, BioNTech kärhanasy bilen oýlap tapan koronawirus sanjymyndan aljak girdejisiniň görkezijisini täzeledi we onuň 29 göterim artyp 33,5 milliard dollar boljakdygyny aýan etdi.  

Süddeutsche Zeitung: "ZZ Top" atly rok aýdym-saz toparynyň esaslandyryjysy Dusty Hill, Tehas ştatyndaky öýünde 72 ýaşynda ýogaldy. 

Deutsche Welle: Takmynan 13 müň hünärmen, klimat krizisinde gelinen soňky nokat sebäpli, adatdan daşary ýagdaýda hereket edilmegi barada çagyryş berdi. 

Alkudus Alarabi: Tunisiň Prezidenti Kaýs Said, çäklendirmeler sebäpli döwlet telewideniýesiniň baş müdüri Lesad Dahişi wezipesinden çetleşdirdi. 

Alraýa: Katar uniwersitetinde her ýyl 30 türk talybyna talyp haklary beriler. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýa Liwandaky 12 müň 300 Parahatçylyk güýjüne 3-nji gezek ýolbaşçylyk etmegi maksat edinýär. 

El Mundo (Ispaniýa): Ýewropa Bileleşiginiň gaznalarynyň sebitlere görä paýlanşygy, awtonom zolaklar bilen hökümediň arasynda eýýäm häzirki wagtdan başlap dartgynlyklar başlady. Hökümet paýlanşygy tankyt eden awtonom zolaklardan maliýe kömekleri yzyna çekmek bilen hemle atýar. 

TeleSur (Wenesuela): Ekwadoryň Milli Pedagoglar bileleşigine agza mugallymlar, ozalky Parlament tarapyndan tassyklanan Medeniýetara Bilim kanunynda geçirilen reformalary ýerine ýetirilmegini talap edip, protest geçirýär. 

Lenta.ru: ABŞ-nyň Senadynyň 12 respublikan agzasy hökümede Demirgazyk Akym-2 taslamasy bilen baglanşykly ultimatum berdi. Gazna ministri Janet Ýellene berilen ultimatum hatynda, taslama bilen bagly sanksiýalar girizilmese we hökümediň taslama bolan çemeleşmesi üýtgemese, Maliýe ministrliginiň wezipeler bilen bagly bellemeleriň weto ediljekdigi habar berilýär. 

RIA Nowosti: ABŞ-nyň Döwlet baştutany Jo Baden, düýn Ak Tamda Belarussiýanyň oppozisiýasynyň lideri Swetlana Tihanowskaýa bilen duşuşandygyny mälim etdi. 

Regnum Agentligi: Russiýaly zenan türgenler, Ýaponiýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda küreklemek boýunça ýaryşda kümüş medala eýe boldylar. 

Le Parisien: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, özüni Gitlere meňzedip suratlar çykarýan adama garşy kazyýete ýüz tutdy. 

Le Figaro: Fransiýadaky tussaghanalar: Tussaghanalarda 1-nji iýula senenemasynda 68 müňe golaý tussagly saklanýar, 2021-nji ýylda tussaglylaryň sany 2020-nji ýyla garanyňda 15,7 göterim artdy. 

Le Monde: Pegasus içaly programmasy: Ysraýyl waka çynlakaý çemeleşýändigini Fransiýa ýetirdi, Fransiýa bolsa Ysraýyldan düşündirişe garaşýar. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar