Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1672014
Daşary ýurt metbugatyna syn

El Pais (Ispaniýa): Koronawirus epidemiýasynyň Delta görnüşi Ispaniýada tiz depginler bilen ýaýraýar, Delta görnüşi ýurdyň 4 awtonom zolagynda hasaba alyndy. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýada täze Milli Howpsuzlyk kanuny, hökümetiň esasan hem gyssagly we uly krizis ýagdaýlarynda döwlet satyn alyş programmalarynyň üstündäki açyklyk gözegçiligini ortadan aýrylmagyna sebäp bolar. 

TeleSur (Wenesuela): Urugwaý Günorta Amerika umumy bazaryň daşyndaky 3-nji ýurtlar bilen söwda ylalaşyklary bilen bagly gepleşikler geçirjekdigini habar berdi.

Al-Raýa (Katar): Yragyň Kerkük şäherinde elektrik tok geçirijisine garşy hüjüm guraldy. 

Al-Kudus Al-Arabi: Saýlananyndan soň ilkinji gezek bir Arap ýurdyň lideri bilen duşuşyk geçirer. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 19-njy iýulda Iordaniýanyň Şasy II Abdullah bilen duşuşyk geçirer. 

Al Jazeera: BAE-niň Dubaý şäherindäki Jebel Ali portynda uly partlama boldy. 

t-online.de: Italiýanyň ozalky futbol ýyldyzy Mario Balotelli Türkiýä geçdi we täze futbol möwsüminde Adana Demirspor komandasynda oýnar. 

Tagesschau.de: Eksport 2020: Hytaý eksportda nemes enjam öndüriji pudaklaryndan geçdi. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, Twitter, Facebook we Google kärhanalaryna garşy kazyýete ýüz tutdy. 

Bfm.ru: Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow: "ABŞ 20 ýyllyk Owganystan missiýasynda derbi-dagyn bolandygyny kabul etdi" diýip habar berdi. 

Lenta.ru:Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Russiýa bilen Ýaponiýanyň parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly ylalaşyk gazanmasalar hem, diplomatik gatnaşyklaryny kemçiliksiz dowam etdirýändiklerini mälim etdi. 

TASS agentligi: Moldowanyň ozalky Prezidenti Igor Dodon, ýurtdaky ýagdaýy düzeltmek üçin gyssagly kararlaryň kabul edilmelidigini we täze bir hökümediň gerekdigini belledi. 

France 24: Gaiti döwletiniň Prezidenti Howenel Moýzyň janyna kast edilmeginden soň 4 hakyna tutma esger öldürildi, 2-si göz tussaglygyna alyndy. 

Le Parisien-Kovid-19: Fransiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Gabriel Attal: "Koronawirusyň Delta görnüşine ýolugýanlaryň sany her hepde 2 esse artýar" diýip duýduryş berdi. 

Le Monde: Euro 2020: Angliýa Daniýadan 2-1 hasabynda üstün çykanyndan soň, taryhynda ilkinji gezek finala çykdy. 


Etiketkalar: #gazet , #dünýä , #habar , #metbugat

Degişli Habarlar