Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1655323
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda, 14-nji iýunda Brýussel şäherinde geçiriljek duşuşyga sanlgyja günler galan mahaly, Ankara-Waşington-Brýussel liniýasynda taryhy dipolmatik gepleşikler tapgyry başlady. 

tagesschau.de: Germaniýanyň Hessen welaýatynda rasist ýazyşma toparlarynda maglumat paýlaşandyklary şübhesi bilen 20 polisiýa işgäriniň öýlerinde we iş ýerlerinde gözleg işleri geçirildi. 

Handelsblatt.com: Dünýäniň iň uly ulag üpjün edijisi Bosch kärhanasy, Germaniýada ulaglar üçin 1 milliard ýewro gymmadyndaky maýa goýumy bilen çip önümçilik fabrigini gurdy. 

France 24: Izolirlenen aksiýamy ýa-da has çuň bir öýke-kinänyň ýüze çykmasymy? Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona garşy çalynan şarpyk hadysasy Fransiýada bölünmä sebäp boldy. 

Le Monde: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Hytaý, ABŞ-nyň we Ýewropanyň birleşendigini bilmegini isleýär" diýip belledi. 

Le Matin: Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde gyzzyrma keseline ýolugýan adamlaryň sany barha artýar. 

Al Jazeera: Basyp alyşlyk astyndaky Palestinanyň topraklarynda ýaşaýan jöhit ýaşaýjylaryň öjükdiriji hereketleri dowam edýär, Waşington bolsa parasatlylyga çagyrýar. 

Al Jazeera: Siriýanyň Haseke sebitinde gözegçilik işlerini geçirýän rus harby ulagyň nyşana alynyp guralan hüjümde 1 rus esger ýogaldy, 3 esger bolsa ýaralandy. 

Al-Raýa (Katar): BMG-nyň Palestinadaky Ynsanperwer kömek koordinatory Lynn Hastings, halkara jemgyýetiň we guramalaryň Gazanyň halkyna has köp kömek etmek barada çagyryş berdi. 

El Mundo (Ispanya): Ispaniýadaky alymlar, ençeme adamyň koronawirusy asimptomatik geçirmegini üpjün edýän gen ýüze çykardylar. 

El Pais (Ispaniýa): Ýewropanyň parlamendi, Ispaniýanyň Seuta şäherinde başdan geçirilen bosgun krizisinde Marokko döwletiniň edenleriniň ýalňyşdygyny beýan etdi. 

El Nasional (Wenesuela): Perudaky saýlawlarda ýeňilen Keýko Fuhimori, 200 müň sesiň güýçsiz hökmünde ykrar edilmegini talap edýär. 

Gazeta.ru: Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky uçar saparlary iýul aýynda başlap biler. 

Komsomolskaýa Prawda: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin: "Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen gürrüňdeş bolmagym gerek ençeme ugur bar, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklarda ençeme mesele üýşdi" diýip belledi. 

Rossiýskaýa gazedi: Moskwanyň Şäher kazyýeti, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý tarapyndan gözegçilik edilýän gaznalary ekstremist hökmünde yglan edip, olary ýatyrdy. 


Etiketkalar: #gazet , #metbugat , #dünýä , #habar

Degişli Habarlar