Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1651642
Daşary ýurt metbugatyna syn

El Pais (Ispaniýa): Dünýäniň islendik ýurdundan 7-nji iýundan başlap çäklendirme bolmadan Ispaniýa girmek üçin gerek ýeke-täk şert, azyndan 14 gün ozal koronawirus sanjymyny etdiren bolmak. 

El Mundo (Ispaniýa): Kolumbiýanyň Döwlet baştutany Iwan Duke: "Kolumbiýa wandalizm we şäher terroryna sezewar galdy" diýdi. 

TeleSur (Wenesuela): Kolumbiýanyň Popoýan şäherindäki 10-njy kazyýeti, polisiýa işgärleriniň protestçilere garşy "Wenom" ok-därisini ulanmagyny gadagan etdi. 

Alraýa: Russiýada her ýyl geçirilýän Sankt-Peterburg Halkara Ykdysady forum, Russiýa bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hödürleýär. 

Aldustour: Iordaniýa-Müsür-Fransiýa ýurtlaryndan Palestinanyň topraklaryna we Gaza ynsanperwer kömekleriň koordinasiýa edilmegi barada umumy beýanat. 

Alkudus Alarabi: Waşington: "Hökümet üýtgemegine garamazdan Ysraýyla güýçli goldaw dowam eder" diýip habar berdi. 

Zeit.de: Russiýadan Germaniýanyň Lufthansa howa ýollary kärhanasyna degişli uçarlara gonmak üçin ýaňadandan rugsat berildi. 

Le Figaro: Kowid-19: Dünýä derejesinde 2 milliard doza sanjym edildi.

Le Monde: Fransiýa Mali döwleti bilen harby hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny bes etdi. 

France 24: Fransiýada Kowid-19: 15-nji iýundan başlap 12-18 ýaş aralygyndaky çagalara sanjym ediler. 

TASS agentligi: Uçary Minsk şäherinde gondurylyp göz tussaglygyna alynan Belarussiýaly žurnalist Roman Protasewiç kazyýetde köpçülikleýin durnuklylygy bozmak üçin rugsatsyz protest geçirmek bilen bagly günäkärlemäni kabul etdi. 

RIA Nowosti: Russiýanyň Gönüden Maýa goýum gaznasy, Ýewropanyň Derman agentliginiň hünärmenleriniň Sputnik V sanjymynyň önümçilik şertlerini gözden geçirendigini we sanjyma garşy alynyp barylýan dezinformasiýa kampaniýasyna garamazdan entek tankydy bir beýanat bermändigini habar berdi. 

Lenta.ru: Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasynda 16-njy iýunda geçirilmegine garaşylýan duşuşykdan artykmaç tama garaşylmaly däldigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #agentlik , #gazet , #metbugat , #habar

Degişli Habarlar