Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1645293
Daşary ýurt metbugatyna syn

Euronews: Belarussiýanyň Ryanair howa ýollaryna degişli ýolagçy uçaryny zor bilen gondyrmagyna we uçaryň içindäki oppozisioner žurnalisti göz tussaglygyna almagyna garşy Ýewropadan berk reaksiýa bildirdildi. 

Deutsche Welle: DAIŞ-iň bomba boýunça hünärmeni Stambulda saklandy. 

Berliner Zeitung: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň beren beýanatyna görä pandemiýada saglygy goraýyş edaralarynda işleýän azyndan 115 müň adam ýogaldy. 

Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýyl bilen Gazanyň arasyndaky ylalaşygy berkitmek maksady bilen Tel-Awiwe bardy. 

Al-Kudus Al-Arabi: Ramallah şäheriniň golaýynda Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan bir palestinaly şehit edildi. 

Al-Raýa (Katar): Owganystanyň hökümeti we Taliban Kataryň paýtagty Doha şäherinde gepleşiklerini dowam etdirýärler. 

France 24: Kowid-19: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy sanjym paýlanşygyndaky skandal deňsizligi ýazgardy. 

Le Monde: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň akademiýasynyň 2023-nji ýylda Lionda açyljakdygyny mälim etdi. 

Le Figaro: Air France howa ýollary kärhanasy, Belarussiýanyň howa giňişligini ulanyp ýerine ýetirýän uçar saparlaryny togtatdy. 

Lenta. ru: Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, uçar skandaly we Telegram kanaly NEXTA-nyň eýesi oppozisioner žurnalist Roman Protasewiçiň göz tussaglygyna alynmagyndan soň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada duşuşyk geçirer. 

Komsomolskaya Prawda Gazedi: ÝB maslahatynda Belarussiýa howa ýollaryna degişli uçarlaryň Ýewropa Bileleşiginde uçmagy gadagan edildi. 

Ria Nowosti agentligi: Russiýa Islandiýa, Malta, Meksika, Portugaliýa we Saud Arabystany ýaly ýurtlara uçar saparlaryny ýaňadandan başladýar. 

El Pais: Ispaniýada konserwatiw Halk partiýasy hökümediň Kataloniýa tapgyrynda göz tussaglygyna alynan şahyslary azat eden halatynda kanuny we syýasy bir etap başlatjakdygyny mälim etdi. 

TeleSur (Wenesuela): Kolumbiýanyň Kongresi şu gün Goranmak ministri Diego Molana garşy ynanç wotumyny maslahatlaşar. Molano 28-nji aprelde başlan protestlerde polisiýa işgärleriniň eden-etdiliginiň syýasy jogapkäri hökmünde aýyplanýar. 



Degişli Habarlar