Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň beýan tapýar

1638881
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Palestinanyň lideri Mahmut Abbas: "Iýerusalim biziň soňky çägimizdir. Parahatçylyk we asudalyk üçin Iýerusalim basyp alyşlykdan azat edilmelidir" diýip belledi. 

Watan (Oman): Ysraýyl Günbatar Şeriada 3 adamy şehit etdi we Gazadaky hüjümlerde şehit bolanlaryň sany 35-e ýetdi. 

Le Matin: Nepalyň ekspedisiýa guraýjylary, Ewerest dagynda bir amerikaly we bir şweýsariýaly jemi 2 alpinistiň öldürilendigini mälim etdi. 

Le Monde: Kowid-19: 29-njy maýda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Akkor arena sahnasynda bir synag konserti geçiriler. 

France 24: Fransiýanyň kubogynyň ýarym finaly: Çempionlar ligasyndan çykan we Fransiýanyň ligasynda çempionlyk ýaryşynda uly ýara alan ýurdyň paýtagtynyň futbol komandasy Pari Sen-Žermen, Mbappe bilen birlikde ýaralaryny sardy. Kyn geçen duşuşygyň ahyrynda finala çykmagy başardy. 

El Pais (Ispaniýa):  Sanjym tapgyry başlanyndan bäri Ispaniýada Kowid-19 sebäpli hepdelik ölüm görkezijileri 90 göterim azaldy. 

La Nasion (Argentina): Argentinanyň hökümeti Ysraýylyň aşa güýç ulanmagyny tankyt etdi. 

Telesur (Wenesuela): Kolumbiýada 15 gün bäri dowam edýän protestler ýurdyň ähli ýerine ýaýrap barýar. 

Zeit Online: Awstriýanyň Premýer ministri Sebastýan Kursa garşy derňew işi başladyldy. 

Tagesschau.de: Täze syýahatçylyk düzgünnamasy: Tomus aýlarynda Ýewropanyň içinde syýahatçylyk ýeňilleşer. 

RIA Nowosti Agentligi: Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Liliýa Galimowa 11-nji maýda mekdebe guralan hüjümde ýaralanan çagalaryň saglyk ýagdaýlarynyň kadalydygyny mälim etdi. 5 çaga bejergi maksatly Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine ugradyldy. 

Gazeta.ru: Bloomberg: ÝB-ne agza ýurtlaryň käbirinde Russiýanyň Ukrainanyň bir böleginde bikanun saýlawlar geçirmek we sebitiň halkyna Russiýanyň passportyny bermek arkaly integrasiýa etmäge synanyşýandygy barada resminamalar bar. 

Izwestiýa Gazedi: Russiýada ýarag götermek bilen bagly gözegçiligiň ýygjamlaşdyrylmagy bilen bagly kanun taslamasy maslahatlaşylýar. Kabul edilmegine garaşylýan kanuna görä ýaraglaryň we ok-därileriň gözegçiligi sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. 


Etiketkalar: #agentlik , #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar