Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1623849
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Häzirki wagta çenli 20 million raýatymyz koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym etdirdi" diýip habar berdi. 

Watan (Oman): Pandemiýa sebäpli dünýä derejesinde täze dogulýan çagalaryň sanynda azalyş hasaba alyndy. 

Al-Mustakbal (Liwan): ABŞ: "Ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý edýänini görmeden Eýrana garşy sanksiýalary aýyrmarys" diýip belledi. 

El Pais (Ispaniýa): Kowid-19: Koronawirusyň Britaniýada ýüze çykan görnüşi Ispaniýada wirusa ýolugýan adamlaryň 80 göterimden gowragyna sebäp bolýar, emma hassahanalaryň elhenç ýagdaýda çöküşüne sebäp bolmaýar. 

La Wanguardia (Ispaniýa): Madritde krizisiň täsir ýetiren müňlerçe maşgala, Ispaniýanyň iň baý sebitindäki ynsanperwer guramalaryň kömegine mätäç ýagdaýda. 

El Komersio (Ekwador): Ekwadoryň Milli Saýlaw Geňeşi: "Guillermo Lasso resmi ýagdaýda Ekwadoryň saýlanan täze prezidentidir" diýip belledi. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer: "Gam-gussasyny basdyran jemgyýet ondan zyýan görer" diýdi. Germaniýada pandemiýa tapgyrynda ýogalan adamlary hatyralamak maksady bilen ýurdyň paýtagty Berlin şäherinde resmi çäre geçirildi. 

Frankfurter Rundschau: Maý aýynda Germaniýada sanjym etdirmek üçin nobata girilmez. Töwekgelçilikli topardan daşary ýagdaýda adamlar sanjym etdirip bilerler. 

Le Parisien: ABŞ-da uly adamlaryň ýarsyna azyndan 1 doza sanjym edildi. 

Le Monde: Kovid-19: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, maý aýynyň başynda çäklendirmeleri ýaňadandan ayrmak baradaky meýilnamany tassyklady. 

France 24: Ukraina: Emmanuel Makron Russiýa bilen gatnaşyklary anyk kesgitlemek isleýär. 

Ria Nowosti agentligi: Russiýanyň Daşary işler ministrligi çehiýaly 20 diplomady islenmeýän adam yglan etdi. 

RT habar saýty: Dumanyň başlygy Sergeý Wolodin, ABŞ-nyň Russiýa garşy senagat we energetika ugurlarynda täze sanksiýalary girizp biljekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #habar , #agentlik , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar