Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1613500
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Le Monde” Kovid-19 epidemiýasy sebäpli Fransiýada üçünji milli karantiniň başlaýandygyny habar berýär.

“Le Temps” Şweýsariýada koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň bir hepdede 20 göterim artandygyny mälim edýär.

“Frans-24” Fransuz Parlamentiniň, Prezident Emmanuel Makronyň koronawirusa garşy göreşiň çäginde giriziljek goşmaça çärelerini tassyklandygyny belleýär.

“Die Presse” Afrikada Kovid-19-yň mutassiýa sezewar bolan 40 görnüşiniň anyklanandygyny nygtaýar.

“Frankfurter Allgemeine Saýtung” Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň halka Pasha baýramynda syýahat etmezlikleri üçin çagyryş berendigini ýazýar.

“Al Žazeera” BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň, Mýanmada asuda ilatdan ýüzlerçe adamyň öldürilmegini berk ýazgarandygyny nygtaýar.

Al Žazeera” Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhanyň, Ysraýyl bilen kadalaşma etabynyň sebit ýurtlary taýdan bähbitli boljakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Al Raýa” Liwiýanyň, BMG-nyň, Haftara tabynlykdaky 120 söweşijiniň boşadylmagyna hoşallyk bildirendigini belleýär.

“Al Dustour” Arap Ligasynyň, Ýakyn Gündogardaky kynçylyklaryň syýasy taýdan çözülmegine goldaw berýändini ýatladýar.

“El Pais” Ispaniýada saglygy goraýyş işgärleriniň täze görnüş koronawirusa garşy bir günde 306 müň adama sanjym edendigini habar berýär.

“TeleSur”, Wenesuelanyň Goranmak ministrliginiň, Kolumbiýa serhedindäki ýaragly toparlar bilen çaknyşygyň bolandygyny habar berendigine ünsi çekýär.

“TASS” ABŞ-nyň bir gün Russiýadaky ähli diplomatik wekilhanalaryny ýaňadandan açmagynyň umyt edilýändigini belleýär.

“RIA Nowosti” Ukrainanyň, Russiýa bilen çaknyşyk bolan halatynda ABŞ-nyň özlerine goldaw berjekdigine ynanýandygyny nygtaýar.

“Lenta.ru” Russiýanyň Federal howpsyzlyk gullugynyň, Twer welaýatynda terror guramasy DAIŞ tarapyndan guraljak hüjümiň öňüni alandygyny habar berýär.



Degişli Habarlar