Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1607539
Daşary ýurt metbugatyna syn

Süddeutsche Zeitung: Germaniýa Hytaýyň Berlin şäherindäki ilçisini, Hytaýyň nemes deputatlaryna we alymlaryna garşy girizen sanksiýalary sebäpli Daşary işler ministrligine çagyrdy. 

Welt.de: Koronawirus epidemiýasy (Kowid-19) sanjymy: Ýewropa Bileleşigi Komissiýasy has berk eksport gözegçiligini isledi. 

ard.de: Germaniýada geçirilen derňewleriň birine görä, hökümediň Kowid-19 syýasatlaryny protest etmek maksady bilen geçirilen demonstrasiýalardan soň, metbugat işgärlerine garşy guralýan hüjümler hem artmaga başlady. 

Le Monde: Prezident Emmanuel Makron, Kowid-19 sanjymynyň şenbe gününden başlap 70 ýaşdan ýokary bolan ähli adamalara açyk boljakdygyny habar berdi. 

France 24: Ýewropada epidemiýa bilen bagly çäklendirmelere garşy protestler geçirilýän günleri, fransuzlar näme sebäpli bular ýaly sessiz? 

El Mundo (Ispaniýa): Pfizer kärhanasy koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan dermanyň kliniki synaglaryny başlatdy. 

La Jornada (Meksika): Meksikanyň Döwlet baştutany Lopez Obrador, gubernatorlar bilen "Demokratiýa üçin Milli ylalaşyga" gol goýdy. Saýlawlaryň erkin we halkyň ygtyýaryna hormat goýulyp geçirilmegi ugrunda işlener. 

Al Jazeera: Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegini teklip etdi. Britaniýa bolsa parahatçylyk ylalaşygy baglaşmadan ozal ýurtdan harbylaryny çekmegi ret edýär. 

Al-Kuds Al-Arabi: Ysraýylyň harby uçarlary Gaza howa hüjümlerini gurady. 

Kommersant gazedi: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin koronawirus sanjymynyň ilkinji dozasyny etdirdi. 

Lenta.ru: Hytaýyň gümrügi, Russiýanyň deňiz önümlerini, gaplamalaryň üstünde anyklanan koronawirus sebäpli yzyna ugratdy. 

RIA Nowosti: Ýewronyň hümmedi, fewral aýynyň ahyryndan bäri ilkinji gezek 91 rubldan hem ýokarlady. 

 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #habar

Degişli Habarlar