Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1605849
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Penşenbe güni koronawirus epidemiýasynyň täsiriniň ele alynmagy maksady bilen Ýewropa Bileleşigi maslahat geçirer.

Watan (Oman): Hünärmenler: "Kowid-19 gelejekde möwsümleýin kesele öwrülip biler. Kowid-19-yň gözbaşy öňümizdäki hepde aýan edilip biliner" diýip aýan etdiler. 

Al-Mustakbal (Liwan): Özlem Türeji: "Kowid-19 rak keselei bilen kesellän adamlar üçin umyt bolup biler. Ýakyn wagtda rak keseline garşy göreşde Kowid-19 sanjymynyň tapylan usul ulanylar" diýip mälim etdi. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň, Germaniýada Kowid-19 epidemiýa sebäpli güýjüni saklaýan karantin düzgüniniň aprel aýyna çenli uzadylmagyny isländigi habar berildi. 

tagesschau.de: Wise-premýer Olaf Şols: "Pasha baýramynda syýahatçylyk tolkuny ählimiziň tomus dynç alyşyna howp ýetirip biler" diýip beýan etdi. 

Berliner Zeitung: Alymlar, 3-nji Kowid-19 tolkunynyň beýlekilerden has täsirli bolup biljekdigini çak edýärler. 

Le Monde: Kowid-19 sebäpli Fransiýada ýerli saýlawlaryň möhlediniň yza süýşürilmek ähtimallygy oppozisiýada alada döredýär. 

France 24: Fransiýanyň Marsel şäherinde geçirilen rugsatsyz karnawala, 6 müň 500 adam Kowid-19 çäklendirmelerine gulak asman gatnaşdy. 

Le Temps (Şweýsariýa): Halkara guramalaryň merkezi bolan Ženewa şäheri, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky çaknyşyklaryň edil ortasynda ýerleşýär. 

El Pais (Ispaniýa): Kowid-19 sebäpli Ispaniýada döwlet kömeklerinden diňe her 12 kärhananyň 1-i peýdalanyp bilýär. 

El Mundo (Ispaniýa): Dynç alyş üçin esasan hem Ispaniýanyň Balear adalaryny saýlaýan nemes raýatlara böwet bolmak üçin Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel 3-nji tolkun zamanynda Balear adalaryna we Maýorka gidilmezligini isledi. 

El Nacional (Wenesuela): Wenesuelanyň hökümeti Kowid-19-yň tizligini peseltmek üçin 15 günlük radikal çäklendirmeleriň giriziljekdigini aýan etdi. 

Lenta.ru: ABŞ-lylar Prezident Jo Baýdeniň rus lider Wladimir Putin barada aýdanlaryny gödek we utandyryjy hökmünde häsýetlendirdi. 

RIA Nowosti: Sofiýanyň Harby kazyýeti, Russiýa üçin içalylyk etmek bilen günäkärlenýän 6 adamyň tussaglykda galmagy barada karar kabul etdi. 

TASS: Içerki bazardan jogapkär Ýewropa Komissary Tierri Breton, ÝB-niň ‘Sputnik V’ sanjymyna mätäçliginiň bolmandygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar