Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar.

1604480
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Al Raýa Al Katariýa”, Britaniýanyň 30 ýyl soň ilkinji gezek ýadro desgalarynyň sanyny artdyrandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň  sanjymyň Kovid-19-a garşy göreşde esasy orun eýeleýändigine ünsi çekendigini belleýär.

“Al Mustakbal”, Müsür bilen ABŞ-nyň Gyzyldeňizde harby türgenleşik geçirýändigini habar berýär.

“Süddeutsjhe saýtung”,  Ýewropa derman senagatynyň gullugynyň, AstraZenecanyň öndüren Kovid-19 sanjymynyň howply däl eýsem peýdaly bolandygyna karar berendigini nygtaýar.

“Frankfurter Allgemeine” Germaniýanyň günbataryndaky ştatlarda hormatly dynç alyşdakylaryň aýlyk günlükleriniň artdyrylmandygyny belleýär.

“Fokus.de” Germaniýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sanynyň artýandygyny belleýär.

“El Pais” Ispaniýanyň çarşenbe gününden başlap AstraZeneca bilen sanjymlama tapgyryny dowam etdirjekdigini nygtaýar.

“Telesur” gazeti, Kovid-19-a garşy Kubanyň ikinji sanjymynyň üçünji tapgyr işlerine başlanjakdygyny habar berýär.

“RIA Nowosti” ABŞ-nyň Prezident Jo Baýdeniň, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň hemişelik wekilleri bilen onlaýn geçiren maslahatyna, Russiýanyň hemişelik wekiliniň orunbasarynyň gatnaşandygyny belleýär.

“TASS” Bolgariýada Russiýanyň adyndan içalylyk edýän birnäçe adamyň tussag edilendigini mälim edýär.

“Le Monde” Fransiýada Kovid-19 epidemiýasynda üçünji tolkuny başdan geçirýändigini we ýurtda köçä çykmak gadagançylygynyň girizilendigini nygtaýar.

“Frans-24” ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň agzalary bilen hytaýly ýolbaşçylaryň arasyndaky ilkinji duşuşygyň dartgynly geçendigini aýan edýär.

“Le Temps” Daniýada saglygy goraýyş düzgünlerini berjaý etmedikleriň azatlykdan mahrum edilýändigini belleýär.



Degişli Habarlar