Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1601409
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Kataryň koordinasiýasy bilen Stambul, öňümizdäki aý Owganystan bilen baglanşykly maslahata ýer eýeçiligini eder. 

Watan (Oman): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş programmasyna has köp goldawyň berilmegi barada çagyryş berdi. 

Al-Mustakbal (Liwan): London, Siriýanyň Döwlet baştutany Başar Asadyň aýalyny Britaniýanyň raýatlygyndan çykarmagy we özüne garşy terrora garşy göreşiň çäginde kazyýet işini gozagamagy pikir edýär. 

Deutsche Welle: Germaniýada hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde ýer ýetmezçiligi başdan geçirilýär. 

Zeit Online: Germaniýada koronawirus epidemiýasy çäklendirmeleri bilen bagly geçirilen protestlerde 12 polisiýa işgäri ýaralandy. 

Spiegel Online: ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Frans Timmermans: "Sanjym strategiýasynda ýalňyşlyklar goýberildi" diýip belledi. 

La Razon, Boliwiýa: Prokuratura, Boliwiýanyň ozalky Döwlet baştutany Žanin Anýesiň tussag edilmegini talap edýär. 

El Mundo, Ispaniýa: Günorta Amerika ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky dünýä gegemoniýasy üçin täze söweş meýdany boldy. 

El Pais, Ispaniýa: ABŞ-nyň Meksika serhedine gelen köp sanda çaga bosgun sebäpli, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden adatdan daşary ýagdaýy gün tertibe getirdi. 

Le Parisien: Kowid-19: Fransiýanyň Ylmy geňeşiniň agzalary soňky maslahatda sebitleýin strategiýanyň durmuşa geçirilmegi barada maslahat berdi. 

Le Monde: Ýakyn Gündogar ýarag satýan ýurtlar üçin bir ýaryş ýerine öwrüldi. 

Le Figaro: Fransiýanyň Premýer ministri Žan Kasteks, pandemiýa sebäpli ýurtda başdan geçirilýän krizisden çykmak meýilnamasyny düzmek üçin kärdeşler arkalaşyklary we iş bilen üpjün edýän guramalar bilen maslahat geçirer. 

Lenta.ru: Russiýanyň uly şäherleriniň ýaşaýjylarynyň ýarsynda koronawirusa garşy antitela döredi. 

TASS: Russiýa we ABŞ dünýäniň iň uly ýarag öndürijisi bolmaga dowam edýär. 

Izwesiýa: FIFA, 3 rus türgene garşy doping bilen bagly derňew başlatdy. 



Degişli Habarlar