Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1569014
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Müsür Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlandygyny habar berdi. 

Watan (Oman): Mutasiýa sezewar bolan koronawirus dünýäniň 60 ýurdunda hasaba alyndy.

Al-Mustakbal (Liwan): ABŞ-da koronawirusdan ýogalan adamlaryň sany II Jahan urşunda ýogalan esgerleriň sanyndan hem köp. 

N-TV: Ýewropa Parlamenti Demirgazyk Akym 2 taslamasynyň duruzylmagy barada çagyryş berdi. 

Deutsche Welle: Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň liderleri mutasiýa sezewar bolan koronawirusa garşy umumy strategiýanyň gözleginde. 

Ria Nowosti Agentligi: Wengriýa rus sanjymy Sputnik-V-iň ulanylmagyny resmi ýagdaýda tassyklan ÝB-e agza ilkinji ýurt boldy. 

TASS Agentligi: Ýewropa Parlamenti rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň tussag edilmegi sebäpli Russiýa garşy sanksiýa girizilmegi we Demirgazyk Akym 2 tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň duruzylmagy barada çagyryş berdi. 

RuNews24.ru: Ruslar gyş möwsüminde dynç almak we öý satyn almak üçin ozalky ýyllara garanyňda Türkiýä has köp isleg bildirmäge başladylar. 

El Mundo (Ispaniýa): Koronawirusyň 3-nji tolkuny Ispaniýadaky hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde dargama sebäp boldy. 

El Nasional (Wenesuela): Wenesuelada Nikolas Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümet Gaýana döwleti bilen başdan geçirilen serhet düşünişmezçiligi bilen bagly kazyýet işiniň 3 aý yza süýşürilmegini talap etdi. 

Le Monde: Fransiýa ýekşenbe gününden başlap ÝB-e agza ýurtlardan geljek ähli ýolagçylar üçin PSR testlerini mejbur ýagdaýa getirer. 

Le Figaro: Amerikan demokratiýasy, ynkylapçy bir zamananyň howply suw giňişliginde. 

France 24: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň kasam edişlik dabarasyny protest etmek isleýän ýurdyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň tarapdarlary ýalňyz galdy. 


Etiketkalar: #gazet , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar