Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär

Hepdäniň Syny

2138091
Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär

Birnäçe aý soň Müsüriň we Kataryň töwellaçylyk etmeginde geçirilen gepleşikleriň netijesinde Hamas hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygy kabul etdi. Şol beýannamadan soň halkara jemgyýetçiligi hüjümleriň bes edilmegine garaşýan bolsa, Netanýahu nähili bolanda-da Rafaha hüjüm ederis, diýip, Ysraýylyň niýetini ýene-de bir gezek görkezdi. Ysraýyl Rafahy guryýerden we howadan nyşana almaga başlan bolsa, Netanýahu parahatçylygy däl, eýsem Gazany ýok etmek isleýändigini görkezdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýyl 7-nji oktýabrdan bäri Gaza rehimsizlik bilen hüjüm edýär. Hüjümlerde häzirki wagta çenli 35 müňden gowrak adam ýogaldy. Ysraýyl aýal-erkek, çaga-garry taýawut goýmazdan gyrgynçylyk edýär. Ysraýylyň maksadynyň hüjümleriň başyndan bäri Gazany haraba öwürip, halky Sina ýarym adasyna sürmekdi. Şol çakde Gazadaky soňky merkez Rafah hem Ysraýylyň nyşanasynda.

Rafah, Gazanyň Müsür bilen serhet zolagynda gümrük geçelgesini hem öz içine alýar. Aslyna garalanda Ysraýylyň gabawyna garşy Gazanyň az hem bolsa dünýä açylýan gapysydy. Halkara kömekler hem esasan şol ýerden geçýärdi. Şeýle hem Ysraýylyň günsaýyn güýçelenen hüjümlerine we gyrgynçylygyna garşy 1,5 milliondan gowrak gazaly hem Rafaha sygynypdy. İndi Ysraýyl Rafahy nyşana alyp, uly gyrgynçylyga taýýarlyk görýär.

Birnäçe aý soň Müsüriň we Kataryň töwellaçylyk etmeginde geçirilen gepleşiklere Hamas oňyn çemeleşip, ylalaşygyň şertlerini kabul edýändigini halkara jemgyýetçiligine beýan eden bolsa, Ysraýyl ylalaşygyň şertlerini kabul etmeýandigini yglan edip, Rafaha hüjüme başlady. Hem gury ýerden hem-de howadan hüjüme başlan Ysraýylyň goşunlarynyň sowutly ulaglary Rafah gümrük geçelgesini ele geçirdi. Şeýlelikde Müsüriň üstaşyr gelýän kömekler kesildi. Rafaha guralýan hüjümleriň artmagy onlarça müň adamyň ýolgalmagyna sebäp bolar. Netijede iňňän dar zolakda 1,5 million adam ýaşaýar. Ysraýyl bilkastlaýyn ýagdaýda Rafaha nyşana alyp, gazalylary Müsüre, Sina Ýarymadasyna sürmek isleýär. Ol aç-açan göçürmek we genosid tagallasy. ABŞ ýaly Ysraýyly şertsiz goldaýan ýurtlar hem Netanýaha gysyş edip, Gaza guralýan hüjümleri togtatmak isleýär. Emma Ysraýyl Netanýahunyň harby kabineti uly göwrümli genosid etmäge niýetli görünýär.

Türkiýäniň başda durmagynda käbir ýurtlar uly tagalla edýän hem bolsa Ysraýyly duruzjak şertler gynansagam ýüze çykmady. Global wyždan herekete geçip, dünýä derejesinde protest aksiýalarynyň geçirilmegi hem Ysraýyly togtatmaýar. Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň hem aýdyşy ýaly Ysraýyl güýç bilen hem bolsa togtadylmaly.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #gyrgynçylyk , #Rafah

Degişli Habarlar