Gazagystan bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklar

Ýewraziýa Syn

2093969
Gazagystan bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklar

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew täze ýyldaky ilkinji daşary ýurt saparyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 18-19-y aralygynda Italiýa gurady. Prezident Tokaýew Rimde Italiýanyň Prezidenti Sergio Mattarella we Premýer-ministri Meloni bilen duşuşdy. Resmi saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerden soň Gazagystan bilen Italiýanyň arasynda 7 şertnama baglaşyldy. 5+1 formatyndaky maslahatyň 2024-nji ýylda Rimde, 2025-nji ýylda hem Gazagystanda geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 19-njy ýanwarda Italiýanyň tanymal 30 firmasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň çäginde taraplaryň arasynda dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi maksady bilen 18 şertnama baglaşyldy. Iki ýurduň arasynda bilelikdäki maýa goýum gaznasy döredildi. Italiýanyň NEOS howa ýollarynyň Gazagystana uçar saparyny guramagy boýunça ylalaşyk gazanyldy. Prezident Tokaýew italiýaly käbir firmalaryň ýolbaşçylary bilen aýry-aýry duşuşyk geçirdi.

Prezident Tokaýew BMG-nyň Rimdäki ofisine hem baryp gördi. BMG-nyň Azyk we oba hojalyk düzüminiň, BMG-nyň Bütin dünýä azyk maksatnamasynyň başlyklary bilen duşuşan Tokýaýew, Gazagystayň BMG-nyň edýän hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew şol gün Watikanda Papa Fransisk bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň gazak alymlarynyň Watikanyň ahriwlerinden we kitaphanalaryndan peýdalanyp biljekdigi nygtaldy. Prezident Tokaýew Watikanyň muzeýlerine hem baryp gördi. Papa Fransisk hem 2022-nji ýylda Gazagystanda saparda bolupdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Italiýa guran resmi sapary bilen özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berdi. Esasan energetika, magdançylyk, ulaglar, azyk, söwda we senagat ýaly ugurlarda edilýän iki taraply gatnaşyklaryň has-da ösmegine garaşylýar.

Gazagystan Ýewropanyň iň uly döwletleri bilen ýakyndan gatnaşyk edýär. Gazagystan ykdysady taýdan ösen Ýewropanyň iň uly döwletlerinden biri bolan Italiýa bilen 2009-njy ýylda strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşypdy.

Italiýa häzire çenli Gazagystana 7,3 milliard dollarlyk maýa goýdy. Gazagystan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda mukdary 14,5 milliard dollara ýetdi. Gazagystan bilen italiýa özara söwda mukdaryny 20 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär. Gazagystan umuman alnanda Italiýa nebit, bugdaý we dürli görnüşli magdan eksprot edýär. Italiýa bolsa Gazagystana derman, kosmetiki önümleri we witamin eksport edýär. Gazagystanda 300-e golaý italiýaly firma iş alyp barýar.

2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Almaty şäherinde Italiýanyň Orta Aziýadaky ilkinji medeniýet merkezi açyldy.

Gazagystan daşary syýasatda deňagramlylyga uly ähmiýet berýär. Ýewraziýada Russiýa bilen Hytaýyň artan täsirini deňagramly ýagdaýa getirmek üçin Gazagystan Günbatarly ýurtlar bilen edýän özara gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda hem Germaniýa sapar gurapdy.  2023-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Fransiýanyň Prezidenti Gazagystanda saparda bolupdy.



Degişli Habarlar