Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa Syn

2052352
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-2-si aralygynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Katarda saparda boldy. Kataryň Emiri Temim bin Hamed Al Sani Prezidenti Mirziýoýewi resmi dabara bilen garşylady. Resmi saparyň çaginde geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda 9 şertnama baglaşyldy. Liderler EXPO Doha-2023 sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Özbek lideri Mirziýoýew saparynyň çäginde şeýle hem Katarly käbir firmalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, oktýabr aýynyň 5-7-i aralygynda hem Russiýa Federassiýasynda saparda boldy. Mirziýoýew saparynyň çäginde Tatarystanyň paýtagty Kazana bardy. Tatarystanyň Reisi Rustam Minnihanow, Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen duşuşdy. Özbek lideri Kazan EXPO hem baryp gördi. 4-nji oktýabrda Kazanda 3-nji Russiýa-Özbegistan hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Forumyň çäginde iki ýurduň arasynda jemi gymmaty 3,5 milliard dollara babar bolan hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew 6-njy oktýabrda Kazandan Moskwa geçdi. Şawkat Mirziýoýew paýtagt Moskwada Russiýa Federassiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin we döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy. Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde iki ýurduň arasynda 10 şertnama baglaşyldy. 7-nji oktýabrda Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň liderleri rus tebigy gazyny Gazagystandan üstaşyr Özbegistana akdyrjak taslamanyň gurluşygyna badalga berdi.

2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika ministri Süheýl al Mezruini kabul etdi. Kabul edilşikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanýandygy nygtaldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Masdar firmasynyň Gyrgystanda energetika desgasyny gurjakdygy bellenildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Infrastruktura ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi. Kabul edilşikde iki ýurduň aasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün Zengilan welaýatynda Azerbaýjan-Eýran serhedinde täze köprüniň gurluşygyna hem badalga berildi.

2023-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Serbiýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Wladimir Orliçi kabul etdi. Kabul edilşikde Azerbaýjan bilen Serbiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýn saýyn pugtalanmagyna kanagatlanma bildirildi. Serbiýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Wladimir Orliç resmi saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow we Mejlisiň başlygy Sahiba Gafarowa bilen hem duşuşdy.

2023-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türki döwletler guramasynyň 14 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirildi. 4-nji oktýabrda gurama agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Stambulda maslahat geçirdi. Türki döwletler guramasynyň liderler sammiti hem 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astana şäherinde geçirler.

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda hem Türki döwletler guramasyna agza ýurtlaryň Adalat ministrleriniň maslahaty geçirildi.

Ýokarda hem nygtaldy ýaly geçen hepde Türki dilli döwetlerde möhüm saparlar guraldy. Türki döwletler guramasy, gurama agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy üçin uly tagalla edýär.



Degişli Habarlar