Türkiye-Siriýa gepleşikleriniň näbelli gelejegi

Hepdäniň syny

2029217
Türkiye-Siriýa gepleşikleriniň näbelli gelejegi

Türkiye bilen Siriýa eýýäm uzak wagtdan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny täze çarçuwada üýtgetmek maksady bilen gepleşikler geçirýärler.Soňky gezek bolsa aprel aýynda Moskwada ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen Russiýanyň we Eýranyň wekilleriniň gatnaşmagynda diplomatik maslahat geçirildi. Emma aprel aýyndan bäri şol gepleşikleriň ugry barha düşnüksiz bolmaga başlady. Şol näbellilik Siriaýdaky çaknyşygyň bulaşyk tebigaty, daşarky aktýorlaryň biri-birinden tapawutlanýan ileri tutýan ugurlary, Başar Asadyň ýolbaşçylyk etmegindäki häkimiýetiň strategik taýdan düşnüksiz hereketi we Siriýa döwletiniň göwrümleýin kemçilikleri tarapyndan şekillendirildi. Türkiye bilen Siriýanyň arasyndaky gepleşikleriň hakyky maksatlaryna ýetmegini kynlaşdyrýan başgada dinamikalar bardyr.

EI. Indi bolsa SETA Howpsuzlyk ylmy-derňew merkeziniň direktory Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema bilen bagly synyny siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

Ilki bilen, Türkiye bilen Siriýanyň arasynda dowam edýän tapgyry “kadalaşdyrmak” hökmünde häsiýetlendirmek iki esasy sebäbe görä nädogry we aşa optimistik bir çemeleşmedir. Ilkinji mesele Siriýanyň halkara jemgyýetde ykrar edilen, serhetleri kesgitlenen we BMG-na agza bir döwlet hökmünde pozisiýasy bilen baglanşyklydyr. Şeýle-de bolsa, hakyky kadalaşma Siriýanyň özygtyýarlylygy, territorial bitewiligi we syýasy utgaşyklygy bilen bagly deslapky 3 şertiň ýerine ýetirilmegini talap edýär. Hazirki wagtda şol şertleriň hiç biri ýerine ýetirilmedi. Başar Asadyň ýolbaşçylyk etmegindäki häkimiýet öz territoriýasynda doly ygtyýar däl, ýurtda territorial bütewilik we syýasy jebislik ýok. Esasan hem Siriýa döwleti maksatlaryny garaşsyz ýagdaýda gözegçilik edip biljek mümkinçiligi ýok. Bu mesele şol bir wagtda Başar Asadyň ýolbaşçylyk etmegindäki häkimiýetiň hem düzüminde bolan araplaryň arasyndaky kadalaşma tapgyry bilen baglanşyklydyr.

Ikinji kynçylyk bolsa häzirki şertler bilen islenen netijeleriň arasyndaky deňsizlikdan gözbaş alýar. Türkiye-Siriýa gepleşikleriniň esasy ugurlarynyň biri hem terrora garşy göreşdir we Adana memorandumy soňky ýyllarda bu meselede esasy bir resminama hökmünde ýygy-ýygydan salgylanýan bir resminamadyr. Şonuň bilen birlikde Türkiye bilen Siriýanyň arasynda PKK/ÝPG ýaly terror guramalaryna garşy göreşde täze bir hyzmatdaşlyk çemeleşmesiniň ýola goýulmagy näbelliligini gorap saklaýar. Syýasatyň üýtgemegi üçin ýa Türkiyäniň ýa-da Siriýanyň ÝPG babatyndaky çemeleşmesini umuman alanyňda üýtegtmegi gerek bolar. Türkiye Siriýada PKK-a garşy çemeleşmesinde tutanýerli görünýär we ahyrynda ÝPG-nyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegini we Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky syýasy barlygyny gowşatmagy maksat edinýär. Bu nokatda ählisi hem diňe gysga möhletli çözgütleri hödürleýän birnäçe potensiýal strategiýa ýüze çykýar.

Ilki bilen Siriýanyň hökümeti Türkiyäniň serhet zolagyndaky PKK barlygyny ortadan aýyryp biler we PKK/ÝPG-ni Manbij we Tel Ryfat ýaly sebitlerden çykaryp biler. Emma PKK-nyň meýletin ýagdaýda ony ýerine ýetirmegi mümkin däl ýaly we hökümetiň häzirki wagtda hem mümkinçiligi hem-de niýeti bolmadyk mejbury çäreler görmegini zerur ýagdaýa getirýär. Alternatiwa hökmünde Türkiye Siriýanyň milli goşuny bilen bilelikde PKK/ÝPG garşy çäkli harby operasiýa başladyp, guramanyň garşysynda hökümediň elini güýçlendirip biler. Emma ÝPG bilen ABŞ-nyň arasynda dowam edýän ýaranlygyň döredýän kynçylyklar Siriýa bilen gepleşiklerde bulaşyklygy emele getirýär.

Şolar ýaly hem, bosgunlaryň yzyna gaýdyp barmagy meselesi hem ortadaky ýagdaý bilen islenýän çözgüdiň arasyndaky araçägiň tapawudyny orta goýar. Türkiyäniň harby barlygy we Siriýanyň Wagtlaýyn hökümedi bilen Siriýanyň Milli goşunynyň gözegçiligi astyndaky sebitlerde manýowr mümkinçiligini ýeňilleşdiren ýerli dolanşyk modelleriniň döredilmegi bilen baglanşykly habarlar ruhlandyryjydyr. Emma şol artykmaçlyklara garamazdan bosgunlaryň, esasan hem Siriýa režiminiň gözegçiligi astyndaky sebitlere gaýdyp barmaklary babatynda kynçylyklar dowam edýär. Ýakyn wagtda şol sebitlere gaýdyp baranlar ruhdan düşüriji hadysalara sezewar galyprdylar. Siriýanyň hökümeti yzyna gaýdyp baranlary dönük hökmünde garaýan, infrastrukturanyň weýran edilen we ykdysady mümkinçilikleriň çäkli bolan, çaknyşyklar sebäpli haraba öwrülen sebitlere gaýdyp barmak kyn tagalladyr. Yzygiderli we giňişleýin ýol kartasy bolmadan ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi bosgunlaryň başlaryndan geçirýän kynçylyklaryny has hem artdyryp biler. Şol sebäpli howpsuz zolaklaryň giňeldilmegi we ýerli dolanşyklaryň güýçlendirilmegi bosgunlaryň gaýdyp barmagy üçin has amatly bir göçümdir.

Ýene-de bir tankydy alada hem Siriýadaky oppozisionerleriň Türkiye-Siriýa gepleşiklerindäki roly bilen baglanşykly näbellilikdir. Asada tabynlykdaky güýçleriň parahatçylyk üçin öňe sürýän şertleri kabul etmek, harby we syýasy gurluşlaryndan ýüz öwürip, režim bilen gepleşikler geçirmegi mümkin bolmadyk Siriýadaky oppozisiýa üçin boýun egmek manysyna gelýär. Türkiye olar ýaly ssenariýni kabul etmez. Netijede Ženewa gepleşikleriniň eýýäm 3 ýyl bäri geçirilmeýän  we režimiň güýmeme taktikalaryny alyp barýan bir çarçuwada, oppozisiýa bilen režimiň arasynda täze gatnaşyk nokatlaryny emele getirmek uly kynçylyklary özünde jemleýär. Idlibdäki häzirki ýagdaýy göz öňünde tutsak, ýagdaý has hem çylşyrymlaşýar.

 Ylalaşyk gepleşiklerini häsiýetlendirýän näbellilikler göz önüne tutulanda, Türkiye üçin köp sanda töwekgelçilikler ýüze çykýar. Status-kwonyň goralmagy, ÝPG-niň demirgazyk-gündogar Siriýada artýan barlygy bilen birleşdirilen mahaly, Türkiye üçin strategik howpa öwrülip biler. Siriýanyň hökümetiniň gepleşikleri çaknyşyklaryň möhledini strategik häsýetde uzatmak üçin ulanmak töwekgelçiligi hem bar. Eýranyň Siriýadaky barlygyny çuňlaşdyrma we ýurdy demografik taýdan ýaňadandan şekillendirmek tagallasy Türkiye üçin goşmaça kynçylyklar döredýär. Türk bosgunlaryň agramly bölegi Halapdan gelendigi üçin bosgunlaryň yzyna gaýdyp barmagy Eýran we Siriýa tarapyndan päsgel berilýär we Türkiyäniň orta möhletli strategik gurşawyny has hem çylşyrymlaşdyrýar.

Içerki söweşler bilen baglanşykly literaturalar, bular ýaly görnüşli çaknyşyklaryň adatça azyndan 15 ýyl dowam edýändigini we gaýatlanmak mümkinçiliginiň 50 göterimdigini görkezýär. Bu teoriýadan ugur alyp Siriýa söwaşi azyndan ýene-de 3 ýyl dowam etjek ýaly görünýär. Siriýadaky içerki söweşdäki ýerli, sebitleýin we halkara dinamikalaryň çylşyrymly özara täsiri göz öňünde tutulanda, söweşiň ýene-de azyndan 15 ýyl dowam etjekdigi pikir edilip biliner.

Ankara, Türkiýe-Siriýa gepleşiklerinde çäklendirmeleriniň bardygyny we ortadaky hakykatlaryň üýtgeýändigini, netijede Siriýadaky konfliktiň tebigatyny we çözgüdiň görnüşini üýtgetjekdigini kabul etmelidir.

SETA Howpsuzlyk ylmy-derňew merkeziniň direktory Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema bilen bagly synyny siziň dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar