Ýewraziýa Döwletleriniň Gün Tertbindaki Wakalar

Ýewraziýa Syn

2023646
Ýewraziýa Döwletleriniň Gün Tertbindaki Wakalar

Hepdelik tapgýrlaýýn gepleşigimiziň nobatdaký sanýnda Ýewraziýa döwletleriň gün tertibindäki wakalar hakýnda durup geçmek isleýäris.

2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda Izlandiýanyň Moskwadaky Ilçihanasyny öz işini bes etdi. Izlandiýanyň resmileri ilçihananyň “bar bolan şertlerde girdejisiz” bolan ýokary abatlaýyş çykdajylary sebäpli ýapyljakdygyny beýan etdiler.

Russiýanyň Kişinýewdäki Ilçihanasy Moldowanyň Russiýadaky diplomatlarynyň sanyny azaltmak hakynda kabul eden kararyna laýyklykda 5-nji awgustdan başlap konsullyk işlerini bes etdi.

Türkmenistanyň Howaýollary 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Aşgabatdan Moskwa guralýan gatnawyny bes etdi. Karar uçuş howpsuzlygy bilen düşündirilýär.

2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda Polşa bilen Belarusyň arasynda howa giňişliginiň harby ulaglar arkaly bozulmagy boýunça düşnüşmezlik ýüze çykdy. Belarusyň “Wagneri” günbatar serhedine ornaşdyrmaga başlamagy polşalylaryň başda durmagynda günbatarlylaryň garşylygyna sebäp bolupdy.

Mongoliýanyň Premýer-ministri Lawsannamsraýn Oýun-Erdene üstümizdäki aýyň 2-6-sy aralygynda ABŞ-na resmi sapar gurady. Premýer-ministri Oýun-Erdene ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, Döwlet sekretary Entoni Blinken, Goranmak ministri Lloýd Astin, Ulaglar ministri Peter Buttigi bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň netijesinde iki ýurduň arasynda awiasiýa, ulaglar, magdançylyk we intellektual eýeçilik ugurlarynda ylalaşyklara gol çekişildi. Lawsannamsraýn Oýun-Erdene saparynyň çäginde NASA we USAİD-e baryp gördi.

2023-nji ýylyň 3-nji awgustynda Russiýanyň Daşary işler ministrligi Rumyniýanyň ýurtda işlejek diplomatlarynyň sanyna çäklendirme girizdi. Rumyniýa iýun aýynda Russiaýanyň Buharestdäki Ilçihanasynda işleýän 40 diplomatdan 30 günüň dowamynda ýurtdan çykmagyny isläpdi. Şeýle hem Russiýa Norwegiýanyň ýurtda işlemeli diplomatlarynyn sanyny 27 adam bilen çäklendirdi.

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabatda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň 1-nji Sammiti geçirildi. Sammitde adybir ýurtlary gyzyklandyrýan meselelere garaldy. Sammitiň ahyrynda 17 maddadan ybarat bilelikdaki jarnama kabyl edildi. Soň Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri sammitiň netijesi boýunça metbugat ýygnagyny geçirdiler.  Taraplar halkara ulag gatnawy boýunça bilelikde işleşmek hakynda karar kabul etdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň we Täjigistanyň liderleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

2023-nji ýylyň 5-nji awgustynda Latwiýanyň parlamenti Saeimanyň Raýatlyk, migrasiýa we sosial utgaşyklyk toparynyň Başlygy Ingmar Lidaka resmi dil synagyndan geçip bilmedik 6 müňe barabar rus raýatyna ýurtdan çykmak hakyndaky talap boýunça hatlaryň ugradyljakdygyny beýan etdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2023-nji ýylyň 3-nji awgustynda ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň Kawkaz gepleşikleri boýunça geňeşçisi Luis Bonony kabul etdi. Duşuşykda Azerbaýjan-Ermenistan ýaraşyk gepleşiklerinde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar