Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar

Ýewraziýa syn

1988266
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar

Geçen hepde Türki dilli döwletlerde möhüm wakalar başdan geçirildi. Geliň nobaty bilen şol wakalara ser salalyň

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow 2023-nji ýylyň maý aýynyň 7-9-y aralygynda Russiýa Federassiýasyna resmi sapar gurady. Prezident Japarow saparynyň çäginde, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Premýer-ministri Mihail Mişustin, Federassiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko we Dumanyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen duşuşdy. İki ýurduň arasynda Kazan we Sankt-Peterburg şäherlerinde Gyrgyzstanyň baş konsullygynyň açylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy.

9-njy maýda Moskwada geçirlen Ýeňiş baýramyna Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň liderleri gatnaşdy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowdan daşary beýleki liderleriň dabara gatnaşyp gatnaşmajakdygy soňky güne çenli näbelli bolmagynda galdy.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-11-i aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistana döwlet saparyny gurady. Prezident Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Premýer-ministri Kahir Rasulzoda, Milli Mejlisiň başlygy Rustam Emomali, Senadyň başlygy Mahmudtair Zokorzoda bilen duşuşdy. Saparyň çäginde iki ýurduň arasynda 23 şertnama baglaşyldy. Saparyň çäginde Täjik-Türkmen hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty bilen Täjik-Türkmen işewürler forumy geçirildi. Şeýlelikde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow prezident hökmünde Täjigistana ilkinji döwlet saparyny gurady.

2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Zanh Mingi kabul etdi. Kabul edilşikde Gyrgyz Respublikasy bilen gurama agza ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklar, Hytaý-Gyrgyzstan-Özbegistan demir ýol taslamasy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň  12-nji maýynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. İki ýurduň Premýer-ministri Özbegistan-Täjigistan hökümetara komissiýanyň maslahatyna ýolbaşçylyk etdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde geçirlen ähli halk sese goýulşygyndan soň irki prezident saýlawynyň geçiriljekdigini mälim etdi. 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçiriljek saýlawda Özbegistan Liberal demokrat partiýasy Şawkat Mirziýoýewi, Halk demokrat partiýasy Ulugbek İnoýatowy, Ýaşyllar partiýasy Abduşukur Hamzaýewi, Adolat sosýal demokrat partiýasy Rabohon Mahmudowany dalaşgärlige hödürledi.

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda  Daşkentde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň Geografiýa bileleşikleriniň başlyklarynyň birinji maslahaty geçirildi. Maslahatda Türki döwletleri guramasynyň Geografiýa geňeşiniň döredilmegi boýunça şertnama baglaşyldy.

2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Kabul edilşikde guramanyň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew Bişkekde Gyrgyzstanyň Mejlisiniň başlygy Nurlanbek Şakiýew, Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew, Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew bilen duşuşdy.

2023-nji ýylyň 12-nji maýynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde, Şuşa 2023 Türk dünýäsiniň medeni pagtagtlygynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara, Türki döwletleri guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri bilen beýleki ýolbaşçylary gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar