Türkiýe Siriýanyň Hökümeti Bilen Gatnaşyklaryny Kadalaşdyrarmy

Aktual Analiz

1936025
Türkiýe Siriýanyň Hökümeti Bilen Gatnaşyklaryny Kadalaşdyrarmy

2011-nji ýylda Siriýadaky içerki urşuň başlamagyndan bäri ilkinji gezek Ankara bilen Damaskyň arasynda gönünden gepleşikler başlady. Liderler derejesinde berilen ilkinji beýanatlardan we ozalkylara görä oňyn ýüzlenmelerden soň, Moskwada Goranmak ministrleri bilen Howpsuzlyk guramalarynyň başlyklary duşuşdylar. İndi bolsa Daşary işler ministrleriniň duşuşmagyna garaşylýar. Russiýa töwellaçylyk edýän bolsa, Eýran bilen Birleşen Arap Emirlikleri bu tapgyra degişli bolmak üçin tagalla edýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2011-nji ýylda “Arap baharynyň” täsiri bilen Siriýada başlan protest aksiýalary hökümete degişli harby güýçleriň berk çäre görmegi bilen içerki urşa öwrüldi. Eýran we Russiýa hökümeti goldan bolsa, Türkiýe bilen bilelikde dünýäniň esasy bölegi siriýaly oppozisionerleri goldady. Azat Siriýa goşuny döredilip, hökümete garşy harby göreş başlady. Emma ýurtdaky çaknyşyklar we wekilçilikli urşa öwrülen bolsa, Russiýa we Eýran hökümete güýçli goldaw berdi. Yrakda başdan geçirilen haosuň täsiri bilen güýçlenen DEAŞ, Siriýada ýaýramaga başlady we ilkinji nobatda oppozisiýa garşy söweşdi. ABŞ we günbatar ýurtlary bolsa DEAŞ-a garşy göreşi ileri tutup siriýaly oppozisionerlere berýän goldawyny bes etdiler. Ýalňyz galan Türkiýe bolsa Russiýa we Eýran bilen üçtaraplaýyn mehanizm döredip, Astana tapgyryny başlatdy. Astana tapgyry söweşde üstün çykanyň bolmajakdygyny we syýasy çözgüdiň hökmanydygyny ýüze çykardy. Elbetde yzda ýüzlerçe müň adamyň ýogalan, millionlarça adamyň dogduk diýaryndan jyda düşen, Siriýanyň infrastrukturasynyň hem-de şäherleriniň haraba öwrülen söweşi galdy. Bir tarapdan bolsa ABŞ, DEAŞ bilen göreşden hyýanatçylykly peýdalanyp, PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG bilen Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky etraplary gözegçilik astyna alyp, ol ýerde hamala diýersiňiz terror döwletini gurmaga synanşdy.

Türkiýe guran harby operasiýalary bilen şol ýasama döwletjigiň Gündogar Ortaýer deňize gelmeginiň öňüni aldy, emma howp henizem dowam edýär.

Ine, beýan edilen, syýasy çözgüt, terrorizme garşy göreş we bosgunlar boýunça häzirki wagtda täze bir tapgyr başlady. Prezident Erdogan Putiniň teklibini kabul edip, Siriýanyň hökümeti bilen gepleşikleriň geçirilmegine razylyk berdi. Soň bolsa Goranmak ministrleri bilen Howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklary Moskwada duşuşdylar. Golaýda daşary işler ministrleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär. Russiýa töwellaçylyk edýän bolsa, Eýran bilen Birleşen Arap Emirlikleri bu tapgyra degişli bolmak üçin tagalla edýär.

Emma taraplaryň arasynda çylşyrymly meseleleriň bardygyny ýatdan çykarmalyň. Türkiýäniň esasy talaplary ýurduň territorial bitewiligini gorap, PKK garşy bilelikde operasiýalaryň geçirilmegi, BMG-niň goldaw bermeginde halkara maliýe kömegi bilen Halabyň başda durmagynda şäherleriň gaýtadan dikeldilmegi we bosgunlaryň yzyna dolanyp barmagy. Elbetde bularyň iş ýüzüne geçmegi üçin syýasy çözgüt tapgyrynyň dowam etdirilmegi, konstitutsiýanyň täze tekstiniň ýazylmagy we oppozisionerleriň integrirlenmegini ýola goýýan dolanşygyň gurulmagy. Emma Siriýanyň hökümetinden gelip gowuşýan habarlar bu talaplara oňyn garalmaýandygyny görkezýär. Elbetde hökümetiň hem uly kynçylyklary başdan geçirýändigi, esasanda ykdysadyýetiň agyr ýagdaýa düşendigi, halkyň azyk we energiýa howpsuzlygyndan mahrum bolandygy ýatdan çykarylmaly däl. Aýratynam Russiýanyň Ukraina söweşinden soň ýüze çykan täze geosyýasy deňagramlyklar hem Türkiýäniň pozisiýasyny güýçlendirýär. Şol çäkde hökümete egilşik etmegi üçin gysyşlar bolsa gerek. Emma Türkiýedäki saýlawlardan soň bu mesele hasam aýan bolar.



Degişli Habarlar