Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Albaniýa guran sapary

Ýewraziýa Syn

1911080
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Albaniýa guran sapary

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Albaniýa guran sapary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Albaniýa ilkinji resmi saparyny gurady. Albaniýanyn Prezidenti Baýram Begaý Azerbaýjanly kärdeşini Brigada köşgünde döwlet dabarasy bilen garşylady. Özara we toparara gepleşiklerden soň iki lider metbugata beýannama berdi.

Iki lider beýannamasynda, energetika, syýahatçylyk, ykdysadyýet, söwda ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Prezident Ilham Aliýew, Albaniýanyň energetika infstukturasynyň kämilleşdirilmegi üçin maýa goýmaga taýardyklaryny mälim etdi. Iki ýurduň arasynda täze ýyldan başlap Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň geçirilmegi barada karar kabul edildi.

Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde Azerbaýjanyň Albaniýanyň paýtagty Tiranda ilçihana açmagy meselesinde möhüm karar kabul edildi. Mälim bolşy ýaly Azerbaýjanyň Gresiýadaky Adatdan daşary işler we doly ygtyýarly ilçisi şol bir wagtda Azerbaýjanyn Albaniýadaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew resmi saparynyň çäginde Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen hem duşuşdy. Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama aprel aýynda Azerbaýjana guran resmi saparynyň çäginde paýtagt Bakuda Prezident Aliýew bilen hem duşuşypdy.

Azerbaýjan bilen Albaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn pugtalanýar. Iki ýurt esasan energetika pudagy boýunça edilýän özara hyzmatdaşlygy artdyrýar. Iki ýurt uzak ýyllardan bäri Trans Adriatika tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň üstünde işleýär.

Azerbaýjan iýul aýynda ÝB bilen baglaşan şertnamasynyň çaginde tebigy gazyň mukdaryny 2 esse artdyrar. Albaniýa hem şol şertnamada hem alyjy hem-de üstaşyr ýurt hökmünde esasy orun eýeleýär. Bu meselede dekabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan üçtaraplaýyn maslahaty hem uly rol oýnaýar.

Energetika pudagynda başdan geçirilýän soňky wakalar Azerbaýjan bilen Albaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalanmak bilen dowam etjekdigini görkezýär. Russiýa-Günbatar krizisiniň dowam edýändigi sebäpli Ýewropanyň energetika howpsyzlygy meselesinde Azerbaýjan uly jogapkärçiligi öz üstüne alar.

Azerbaýjan bilen Albaniýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar ýokary derejede dowam edýär. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Albaniýa ilkinji saparynuy gurady. Albaniýanyň liderleri hem ýygy-ýygyndan Azerbaýjanda saparda bolýar. Mysal üçin Albaniýanyň ozalky Prezidenti Ilir Meta iýun aýynda geçirlen Halkara Baku forumyna gatnaşypdy we Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşypdy. Albaniýanyň prezidenti Halkara Baku forumyna yzygiderli ýagdaýda gatnaşýar. Albaniýanyň Premýer-ministri edi Rama hem 7 aý ozal Azerbaýjanda saparda bolupdy.

Iki ýurt BMG, Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, NATO, Gara deňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy ýaly halkara guramalaryň çäginde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Azerbqaýjan bilen Albaniýa halkara derejesinde birek birege goldaw berýär.

Umuman alnanda Azerbaýjanyň Günbatarly ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary hem ösýär. Ermenistana goldaw berýän Fransiýadan daşary Ýewropa ýurtlary Azerbaýjan bilen ýakyndan gatnaşyk edýär. Azerbaýjan Ýewropa ýurtlaryna maýa goýýar.

Jemläp aýdanymyzda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Albaniýa guran sapary netijeli geçdi we sapar özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berer.



Degişli Habarlar