Russiýa-Ukraina söweşi

Hepdäniň syny

1905193
Russiýa-Ukraina söweşi

Russiýanyň basyp alyş synanşygy bilen başlan Russiýa-Ukraina söweşi depginini gowşatman, müň kilometre barabar zolakda birek-biregi nyşana almaga dowam edýär. Emma esasanda soňky hepdelerde Ukrainanyň goşunlarynyň Harkowy almagy bilen eýelän üstünliginiň ruslar tarapyndan deňagramlaşdyrylandygy görülýär. Rus serkerdesi Sergeý Surowikiniň Ukraina söweşini gönükdirýän “Birleşen harby güýçleriň serkerdeligine” bellenmeginden soň Russiýanyň Siriýadaky käbir ýumuryjy taktikalaryny Ukraina söweşinde iş ýüzüne geçirmegi netije berdi.

SETA-nyň Daşary syýasty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ukrainada söweş 9 aýdan bäri dowam edýän bolsa, ruslar üçin şertleriň gowy däldigini nygtamak ýerlikli bolar. Ýyldyrym operasiýasy bilen Kiýewi almak maksadyndan konwensional basyp alyş synanşygy, soňunda alynan ýerleri goramak tagallasyna çenli aşaklapdy. Esasanda Harkowda çekilen ýitgi, üstünligiň ukrain goşunlaryna geçmegine sebäp boldy we ruslarda ruhy çökgünlik iňňän agyr boldy. Gysga möhletde Hersonyň hem elden gitjekdigi beýan edilmäge başlandy. Emma Putiniň möhüm göçüm edip, söweş meýdanynda urşy gönükdirýän serkerdäni çalyşdy we strategiýany üýtgetdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainada söweşýän harby güýçleri öz içine alýan “Birleşen harby güýçleriň serkerdeliginde” özgerlişik etdi. Russiýanyň Harby howa güýçleriniň serkerdesi Sergeý Surowikin Ukrainada söweşýän goşunlaryň serkerdeligine bellendi. Surowikin 1990-njy ýyllarda Täjigistanda we Çeçenistandaky çaknyşyklara gatnaşan hem bolsa, Siriýada meşhurlyk gazanýar.

Russiýa 2015-nji ýylyn sentýabrynda gönüden içerki urşa goşuldy we Siriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Başar Asady häkimiýetden agdarylmakdan halas etdi. Ruslar Siriýada terror guramasy DEAŞ bilen göreşmek üçin söweşe goşulandygyny beýan eden hem bolsalar, umuman oppozisiýany nyşana aldylar. Sergeý Surowikin Siriýadaky rus howa güýçleriniň serkerdeligine bellendi we “skorçet ort” diýilýän agyr bombardyman bilen döredilen ýumuryş strategiýasyny iş ýüzüne geçirdi. Ol ýerde esasy maksat ähli infrastrukturany ýok edip, duşmany boýun egmage mejbur etmek ýa-da islenýän zolagy halkdan saplap, harby ýeňiş gazanmakdan ybaratdy. Siriýada asuda ilatdan müňlerçe adam howa hüjümlerinde pida boldy.

Surowikin Siriýadaky wezipesinden soň  2017-nji ýylyň noýabrynda Russiýanyň howa we kosmos güýçleriniň başyna geçýär. Häzirki wagtda bolsa Ukraina söweşiniň esasy serkerdesi boldy. Bu karar, çeçen lider Ramzan Kadirow bilen Russiýanyň hakynatutma esger firmasy Wagner toparynyň esasalandyryjysy Ýewgeni Prigožani hem begendirdi. Surowikiniň wezipä bellenmeginden soň Russiýanyň söweş strategiýasy özgermäge başlady. İlki Ukrainanyň infrastrukturasyny ýok etmek üçin gönükdirilýän raketalar we kamikaze dronlar işjeň peýdalanylmaga başlandy. Zelenskiýniň beýan etmegine görä Ukrainanyň elektrik ulgamynyň 30 göterimi hüjümlerde ýok edildi. Şol strategiýa front liniýalarynda-da ukrain goşunlarynyň ukybyny azaltdy. Bir tarapdan ätiýaçdaky esgerleriň fronta getirilmegi adam serişdesi taýdan ruslary güýçlendiren bolsa, söweşiň daşyndaky ýerleriň nyşana alynmagy ukrain esgerlerini ruhdan düşürmäge başlady.

Jemläp aýdanymyzda Surowikiniň wezipä bellenmegi we iş ýüzüne geçirilýän strategiýa bilen ruslar ozalky amatsyz şertlerinden halas bolmaga başlady, rus goşuny hemizem goranyş pozisiýasynda bolsa hem, Hersonuň başda durmagynda müň kilometrlik zolakda has ýokary depginde söweşmäge başlady. Emma umuman alnanda ruslaryň çykgynsyzlyklary henizem dowam edýär. Esasanda günbatar ýurtlarynyň berýän ýarag ulgamlarynyň öňünde ruslaryň öz üpjünçiligini artdyrma mümkinçilikleri pes. Gyş aýlarynyň gelmegi bilen iki tarap üçin hem agyr günler başlaýar.



Degişli Habarlar