Yrakda Içerki Uruş Howpy we Sadryň Täze Strategiýasy

Hepdäniň syny

1875126
Yrakda Içerki Uruş Howpy we Sadryň Täze Strategiýasy

Yrakda 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda geçirilen saýlawdan soň şertler kadalaşmady. Saýlawda esasanda agyr ýeňilişe sezewar bolan Haşdi Şabä tabynlykdaky ýaragly toparlar, bar bolan ýaragly güýjünden peýdalanyp, güýç bilen syýasy netijeler almaga girişdiler. Eýrana tabynlykda hereket eden şol güýçlere garşy bolsa Muktada Sadryň başda durmagyndaky beýgelen “Yrak milletçiligi” mobilizlendi. Birnäçe aýlap hökümeti gurup bilmedik ýurtda Eýranyň tarapynda durýan toparlar bilen Sadr we ýaranlary tarapyndan güýç çekeleşigi köçelere daşyp, çaknyşyga öwrülen bolsa, Sadr garaşylmadyk göçüm edip, syýasatdan çekilendigini yglan etdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Yrakda 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda geçirilen saýlawyň netijesine görä şaýy lider Muktada as-Sadra tabynlykdaky Sadr topary 73 kürsi eýeläp, saýlawda üstün çykdy. Bu netije Sadr üçin uly ýeňiş boldy. Sadr toparynyň tersine Eýranyň tarapynda durýan toparlar bolsa Fetihiň başda durmagynda uly ýeňilişe sezewar boldular. Mejlisiň ozalky Başlygy Muhammed Halbusiniň Takaddum partiýasy ikinji, ozalky premýer-ministrlerden Nuri Malikiniň Kanun döwlet koalisiýasy bolsa üçinji partiýa boldy. Kanun döwlet koalisiýasy 34 kürsi eýeläp, KÝB we Goran ýaly toparlaryň öňünde uly üstünlik gazandy. Bu netijelerden soň Sadr sünniler we KDP bilen ýaranlyk edip, täze hökümet gurmak isledi. Emma esasanda Eýranyň goşulyşmalary bilen şol synanşyk netijesiz galdy. Sadr soň täze bir göçüm edip, özüne tabynlykdaky halk deputatlaryny wezipeden çekdirdi we Mejlisiň bes edilip, saýlawyň gaýtalanmagy üçin dürli göçümler etdi. Eýrana ýakyn toparlar bolsa Utgaşyklyga laýyklykda atly topar döredip, Sadryň göçümlerine garşy göçümler etdiler. Sard şol syýasy oýunynda ýygy-ýygydan halky mobilizlän bolsa, soňky gümlerde özüne tabynlykdaky Saraýa As-Salam atly harby güýji köçelere çykardy we Haşdi Şaba degişli toparlar bilen Bagdat we Basra ýaly şäherlerde çaknyşyklar başdan geçirildi. Netijede şaýylaryň arasynda başdan geçirilen güýç çekeleşigi gönüden çaknyşyga öwrüldi. Wakalaryň dowamynda köp sanly adam ýogalan bolsa, Sadr garaşylmadyk göçüm edip, ähli tarapdarlarynyň yza çekilmegi üçin çagyryş etdi. Sard ozal bolsa syýasatdan çekilýändigini beýan edipdi. Yrakly polist lideriň ýygydan ulanýan retorigi bilen edýänleriniň arasynda uly tapawudyň bardygy görülýär.

Şaýy dini we syýasy lider Muktada as-Sadr sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Syýasy işleri bes edendigimi we syýasatdan doly çekilendigimi yglan edýärin. Kakamyň gubyry, taryhy eser kompleksi bilen Sard maşgalasynyň muzeýinden daşgary ähli guramalary ýapmak boýunça karara geldim” diýip ýazdy. Habarnamasynda Eýranda ýaşaýan we düýn “marjilik wezipesinden boşandandygyny” habar ebren yrakly şaýy dini wezipelerden Aýatullah Kazym al-Hairini hem tankyt eden Sadr, Hairiniň marjilikden çekilmek hakyndaky kararyny öz ygtyýary bilen kabul etmändigini öňe sürdi. Merkezi Nejefde ýerleşýän şaýylar üçin esasy adamlardan biri bolan al-Hairiniň marjilik wezipesinden çekilip, Eýranyň bähbidine beýanatlar bermegi, Sadry garşy göçüm etmäge mejbur edene meňzeýär. Netijede eden soňky göçümleri bilen özüni täze Marji yglan edip biler we Eýranyň öz taraplary arkaly basyşyny öňüni alyp biler. Sadr we ýaranlary Yrak milletçiligine wekilçilik edýän bolsa, Eýranyň tarapynda durýan toparlara göreş dowam edýär.



Degişli Habarlar