Kipr Parahatçylyk Hereketi

48 ýyl ozal Türkiýe, Kipr hereketi bilen parahatçylygy nähili ýagdaýda üpjün etdi?

1857448
Kipr Parahatçylyk Hereketi

Harby operasiýa, Kiprli türkleriň ganynyň akmagyna sebäp bolan Gresiýa tarapyndan goldaýan synanşygy yzyna serpikdirdi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy(DKTR) her ýylyň 20-njy iýulyny Parahatçylyk we Azatlyk güni hökmünde belläp geçýär.

1974-nji ýylyň 20-nji iýuly, Türkiýäniň Kiprli türkleri goramak üçin giň gerimli harby operasiýany Kipr parahatçylyk hereketini başladan güni.

Şu gün ýagny çarşenbe güni, Kiprli türkleri köpçülikleýin gyrgynçylykdan halas eden we adanyň iki jemgyýetli garaşsyzlygyny gorap, Kipriň Gresiýa bilen birleşmeginiň öňüni alan operasiýanyň 48-nji ýyly bellenilip geçilýär.

Kipr Respublikasy 1960-njy ýylyň 16-njy awgustynda deň hukukly iki jemgyýete esaslanylyp guruldy.

Türkiýe bilen birlikde Kiprli türkler respublikanyň gurulmagyna hoşallyk bildirdi. Emma Kipriň grek böleginiň Prezidenti Başpsikopos Makariosyň, respublikanyň Gresiýa bilen birleşmegi üçin edilen başlangyçdygyny beýan etmeginden soň ýagdaý üýtgeýär.

Kiprli grekler, 1963-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Kiprli türkleri ortadan aýyrmagy we tutuş adanyň gözegçiligini 48 sagadyň dowamynda ele geçirmegi maksat edinýän Akritas meýilnamasyny başladýar, Kiprli türkler bolsa zuluma garşylyk görkezýär.

Hemaýatkär ýurt Türkiýe, BMG-na we halkara jemgyýetçiligine 11 ýylyň dowamynda herekete geçmekleri üçin çagyryş berýär emma netije alyp bilmeýär. Kiprli grekler, 1974-nji ýylyň 15-nji iýulynda “ikinji gyrgynçylygy amala aşyrmak maksady bilen” İfestos meýilnamasyny başladýar.

1974-nji ýylyň 15-nji iýulynda Grek huntasy agdarlyşyk netijesinde Makariosy wezipesinden boşadýar we Türkiýe, Gresiýa we Britaniýa bilen gepleşiklere başlaýar.

Gepleşiklerden netije alynyp bilinmändigi sebäpli Türkiýe, 20-nji iýulda ada girýär we legal ulgamyň ýaňadandan gurulmagy üçin çagyryş berýär.

1974-nji ýyldaky Kipr parahatçylyk hereketiniň gahrymany Ýylmaz Bora, Anadoly Habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Operasiýa guralmadyk bolsa Kiprli türkleri gyrgyna bererdiler” diýdi.

“DKTR-nyň  enewatanymyzyň goldaw bermeginde ebediýete çenli ýaşajakdygyna doly ynanýarys”

40 ýyl soň DKTR-nyň hökümeti, halkara jemgyýetçiliginiň bilkastlaýyn döwletlerini ykrar etmeýändigine we geljekleriniň näbelli bolmagynda galýandygyna göz ýetirdi.

DKTR-nyň Daşary işler ministri Tahsin Ertugrulogly TRT Worlde beren beýannamasynda, DKTR-nyň bir döwletli çözgüde ynanmaýandygyny sebäbi Kiprli grekleriň, Kiprli türklere deň hukukly çemeleşmeýändigini aýtdy.

Ertugruloglu “Şäriklik meselesini gün tertibine getirdik. Emma netije bermedi. Sebäbi Kiprli grekler, Kiprli türkleriň özleri bilen deň hukuga eýedikleri pikirini kabul etmediler” diýdi.

“Şäriklige esaslanýan respublika ulgamy synaldy emma netije bermedi, sebäbi şärigimiz bu ulgama goldaw bermedi”.

Ankara, Kiprli türkleriň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin adada harby barlygyny dowam etdirýär.

DKTR-nyň Daşary işler ministrine görä, beýleki halkara guramalar ýaly BMG hem çözgüdiň däl eýsem meseläniň bir bölegi bolmagy saýlap aldy. Sebäbi BMG, Türkiýäniň 1974-nji ýylda guran hereketini çaknyşygyň esasy çeşmesi hökmünde kabul etdi.

DKTR-nyň Daşary işler ministrine görä, her bir adamyň 1974-nji ýyldaky Kipr parahatçylyk hereketiniň guralmagy meselesinde şol bir garaşýa eýedigine garamazdan, halkara jemgyýetçigi bu hereketiň, Kiprli grekleriň Kiprli türkleriň syýasy hak-hukuklaryny basgylamagy sebäpli guralandygy hakykatyny görmek islemeýär.

DKTR-nyň Daşary işler ministri Ergtugruloglu TRT Worlde beren beýannamasynda “Türkiýe asla bu adanyň grek adasyna bolmagyna rugsat bermez” diýýärkä, adanyň 3 asyrdan gowrak wagt bäri Osmanly häkimiýeti astynda bolandygyna ünsi çekdi.

“Biz bu ada Aýdan gelmedik. Ata-babalarymyz bu ýere Anadolydan geldi. Biz Kiprde ýaşaýan türkler. Kiprli diýlen millet ýok. Ýa Kiprli grek ýada Kiprli türk bar, ýada azlyk milletlerden ermeni ýada maruni jemgyýetçi bar”

“Daşary çykmaga gorkýardyk”

1974 Kipr parahatçylyk hereketiniň gahrymanlaryndan Ömer Özýyldyrym, bu operasiýadan ozal diýseň agyr şertlerde ýaşandyklaryny aýtdy.

Özýyldyrym Anadoly Habarlar gullugyna “Grekler 1963-nji we 1974-nji ýyllaryň aralygynda obamyzdaky ynsanlary alyp gitdi we olary öldürdi. Daşary çykmaga gorkýardyk. Operasiýanyň öňüsyrasynda BMG-nyň Parahatçylyk güýjüniň esgerlerine ýaraglarymyzy tabşyrdyk. BMG-nyň Parahatçylyk güýjü hem biziň ýaraglarymyzy Grek howpsyzlyk güýçlerine berdi” diýdi.

Özýyldyrym adanyň howpsyzlygy meselesinde BMG-nyň Parahatçylyk güýjüne we ABŞ-na ynanmaýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.

“Men diňe Türk ýaragly güýçlerine ynanaryn. Türk esgerleri ada-da öz işini dowam etdirmeli”

Kipr meselesi, strategiýa taýdan uly rol oýnaýan Gündogar Ortaýer deňizi adasynda ýaşaýan iki tapawutly dini we etniki jemgyýet bolan Kiprli türkleriň we grekleriň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edýän syýasy çaknyşykdyr.

Kiprli türkler, jedelleşikli adanyň statusy meselesinde onlarça ýyl dowam eden syýasy gepleşiklerden soň indi bir döwletli çözgüde ynanmaýar.

Kipr Parahatçylyk hereketiniň gahrymanlaryndan Besim Faruk Jan Anadoly Habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Kiprde federal çözgüde goldaw bermeýärin. Iki jemgyýetiň birlikde ýaşamagy uly betbagtçylyga sebäp bolar” diýdi.

“Kiprli türkleriň we grekleriň birlikde ýaşamagy mümkin däl. Biz hem demirgazykda ýaşaýarys we hiç hili kynçylyk ýokdy”



Degişli Habarlar