Yragyň Premýre-Ministriniň Janyna Kast Edildi

Hepdäniň syny

1739160
Yragyň Premýre-Ministriniň Janyna Kast Edildi

Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazyminiň kabulhanasyna ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy. Howpsuzlyk çeşmeleriniň beren beýanatyna görä; Bagdadyň ýokary howpsuz ýaşyl zolagynda ýerleşýän kabulhana 3 ulag bilen hüjüm edildi. Kabulhana agyr zeper ýeten bolsa, Premýer-ministri Kazymi ýaralanman, halas boldy. Bu hüjüm Eýrana ýakyn durýan ýaragly toparlaryň Premýer-ministre hemle atmagyndan gysga wagt soň guralan bolsa, ünsler içerki çaknyşyk ähtimallygyna gönükdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Saýlawlardan soň Yrakda syýasy haos we durnuksyzlyk emele gelýän bolsa, esasanda saýlawda ýeňilen Eýran tarapyndan goldanýan şaýy söweşijiler harby güýçlerinden peýdalanmaga başlana meňzeýär. Onuň soňky halkasy Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazyminiň kabulhanasyna ÝUHU-lar bilen hüjüm guralmagy boldy. Yragyň howpsuzlyk we ýaragly toparlara ýakyn çeşmeler Premýer-ministri Kazyminiň kabulhanasyna guralan hüjümiň Eýran tarapyndan goldanýan ýaragly topar tarapyndan alama aşyrylandygyny öňe sürdi. Atlarynyň agzalmazlygy şerti bilen halkara metbugat organlaryna beýanat beren çeşmeler hüjümde ulanylan ÝUHU-laryň we partlaýyjylaryň Eýranyň önümidigini aýtdylar.

Kazyma guralan hüjüme dünýä jemgyýetçiligi berk reaksiýa bildirdi. Türkiýe bilen birlikde ençeme ýurt duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap eden bolsa, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 15 agzasy hem beren metbugat beýannamasynda Kazyminiň öýüniň ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen nyşana alynmagyny berk ýazgaryp, Premýer-ministriň janyna kast etmäge synanşanlaryň tussag edilmegi we adalata tabşyrylmalydygyny beýan etdi. Berilen beýannamada ähli ýurtlaryň Yragyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmegi üçin çagyryş berildi.

ABŞ-nyň Yrakdan tapgyrlaýyn çekilýän döwründe emele getirýän güýç boşlugyn Eýran doldurmaga synanşýan bolsa, yrakly milletçi toparlar Muktada al Sadryň başda durmagyndaky hereket ýaly güýçler Eýranyň basybalyşynyň öňüni almaga synanşdylar. Saýlawda-da Sadryň döreden hyzmatdaşlygynyň üstün çykmagy we sünnileriň ýokary ses alyp, güýjüni görkezmekleri Eýrana ýakyn durýan Haşdi Şaba agyr degene meňzeýär. Syýasatda urlan zarbadan soň güýçlerini ýaraglary bilen görkezmäge synanşýarlar. Bagdatda beýleki birnäçe şäherde ornaşan şol güýçler Kazyma we Yragyň goşunlaryna howp salýar. Yrakda Eýranyň degişli bolmagynda güýç göreşi dowam edýär. Ýurtda gysga möhletde täze bir syýasy häkimiýetiň gurulmagy we merkezi goşunyň Haşdi Şaba tabynlykdaky toparlary ýaragsyzlandyrmagy möhüm. Eger şeýle bolmasa çaknyşyklar hasam ýaýbaňlanar we içerki uruşa öwrülip biler.



Degişli Habarlar