Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa syn

2129898
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

TSR-nyň Türkmen dilinde ýaýlyma berilýän Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat bermekçi.

2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde Kaýseride Şuşa Azerbaýjan öýü dabaraly ýagdaýda açyldy we Nahiçewan Awtonomiýasynyň 100 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.  Häzire çenli dünýäde jemi15 ýurtda 29 sany Azerbaýjan öýü açyldy.

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Gyrgyz Respublikasyna resmi sapar gurady. Ministr Baýramow Bişkek şäherinde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow we Mejlisiň başlygy Nurlanbek Şakiýew tarapyndan kabul edildi. Gyrgyzstanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Gyrgyzstana ilkinji iş saparyny gurady. Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Bişkek şäherinde gyrgyz kärdeşi Akylbek Japarow bilen duşuşdy. Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow tarapyndan hem kabul edildi.

Russiýada iş alyp barýan Rus-türk işewürler bileleşiginiň agzalary 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 8-10-y aralygynda Tatarystanda saparda boldy. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow 9-njy aprelde Rus-türk işewürler bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň agzalaryny kabul etdi. Kabul edilşikde Tatarystan bilen Türkiýäniň arasyndaky maýa goýum, söwda we ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Szilin sebitine iş saparyny gurady. Sebitiň ýolbaşçylary bilen möhüm duşuşyklar geçiren Rustam Minnihanow, Szilin-Tatarystan maslahatyna hem gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Merkezi Asiýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary işler ministriniň gatnaşmagynda Minsk şäherinde maslahat geçirildi. Şu ýyl 7-njisi geçirlen maslahatda terrora garşy göreş, söwda, ykdysadyýet, aragatnaşyk we medeniýet ýaly birnäçe ugurda edilýän özara gatnaşyklar seljerildi.

Minsk şäherinde Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahaty hem geçirildi. Maslahatda 2025-nji ýylda Azerbaýjanyň Genje, 2026-njy ýylda hem Gazagystanyň Almaty şäheriniň Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň sport paýtagtlygyna saýlanandygy yglan edildi.

Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 8-13-i aralygynda türki döwletlere resmi sapar gurady. Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili 8-nji aprelde Özbegistana gitdi. Şalwa Papuaşwili Daşkent şäherinde Özbegistanyň Mejlisiniň başlygy Nurdinžon İsmailow we Özbegistanyň Senadynyň başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy.

Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili 9-10-njy aprelde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili aprel aýynyň 11-12-i aralygynda Gazagystana saparda boldy. Şalwa Papuaşwili resmi saparynyň çäginde Gazagystanyň Senadynyň başlygy Maulen Aşimbaýew we Mejlisiň Başlygy Ýerlan Koşanow bilen duşuşdy. Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew tarapyndan hem kabul edildi.

 


Etiketkalar: #Azerbaýjan , #Gruziýa , #Şuşa

Degişli Habarlar