Liwiýada saýlawlar ýakynladygy saýyn ýurtduň içindäki dartgynlyklar hem artmaga başlady

Hepdäniň syny

1736397
Liwiýada saýlawlar ýakynladygy saýyn ýurtduň içindäki dartgynlyklar hem artmaga başlady

 

Liwiýada dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlar ýakynladygy saýyn ýurtduň içindäki dartgynlyklar hem artmaga başlady. Saýlawyň geçirilip, geçirilmejekdigi, saýlaw tapgyrynyň nähili dowam etjekdigi, saýlaw töwerekleriniň kesgitlenmegi, dalaşgärleriň kesgitlenmegi ýaly ençeme näbellilik sebäpli täze bir tapgyr ýüze çykdy. Liwiýadaky taraplar daşarky basyş we kanunylyk aladasy sebäpli saýlawyň geçirilmegini isleýär, emma saýlawyň haýsy şertlerde nähili geçiriljekdigi bilinmeýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglary bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Saýlaw tapgyrynda Haftaryň we ony goldaýan döwletleriň hasam öňe saýlanmagyna garaşylýar. Haftaryn Amerikan raýatydygyna garamazdan Liwiýada prezidentlik kürsisine dalaş etmegi geň waka bolmagynda galýar. Sebäbi Liwiýanyň Saýlawlar hakyndaky kanuny iki raýatlylygy bolanlaryň saýlawda dalaşgärligine rugsat bermeýär. Şol sebäpli Haftaryň täsirindäki merkezi Tobrukda ýerleşýän Mejlis, kanunlaryň usul taýdan eýe bolan hususlaryny bir gyra goýup, ýeterlik sanyň bolup bolmandygyna we usulyýete seretmezden saýlaw kanunyny çykarmaga synanşdy. Garaşylşy ýaly halka wekilçilik edýän beýleki bir organ bolan merkezi Tripolide ýerleşýän Ýokary döwlet geňeşi şol kanuny ykrar etmeýändigini yglan etdi. Aýratynam geňeşiň başlygy Halid Al Myşri eden çykyşynda saýlawyň geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, tehniki taýdan saýlawyň mümkin bolmandygyny ýatlatdy we Haftar ýaly adamlaryň prezidentlik wezipesini eýelemegini ykrar etmejekdiklerini nygtady. Çykyşynyň ahyrynda bolsa saýlyň baýkot edilmegi üçin çagyryş berdi. Ol hem Tripoli tarapyndan saýlawa garşy baýkot ähtimallygyny günsaýyn güýçlendirýär.

Şonuň bilen birlikde Tripolidäki güýçleriň arasynda dalaşgär görkezmek boýunça ylalaşyga gelinmedi. İne şeýle şertlerde Kaddafiniň ogly Saýfulyslamyň prezidentlige dalaşgärligini yglan etmegi täze bir jedelleşigiň başyny başlatdy. Özüni gündogar bilen günbataryň arasynda alternatiw dalaşgär hökmünde görýän Saýfulyslam, halky saýlawda ses bermäge çagyrdy. Haftaryň eden jenaýatlaryna garamazdan prezidentlige dalaşgär bolýandygyna garamazdan Saýfulyslamyň dalaşgärligine halkyň nähili garaýandygy açyk mesele bolmagyna galýar. Käbir sebitlerde ençeme wagt ozal protestler geçirildi we halk Saýfulyslamyň dalaşgärliginin kabul edilmesizdigini beýan etdi.

Liwiýada saýlawlaryň geçirilmegi ýa-da geçirilmezligi, geçiriläýende-de kanuny kabul edilmegi ýa-da edilmezligi boýunça çemeleşmeler jedelli bolmagynda galýar. Emma saýlaw Liwiýada täze bir tapgyryň başlamagyna sebäp boljaga meňzeýär. Eýsem Haftar öz gözegçiligindäki sebitde ýaraglaryň kölegesinde saýlawçylaryň ses bermegi bilen ýakyndan gyzyklanyp, üstün çykmak islär. Beýleki liderler bolsa onuň netijesini kabul etmezler we saýlaw bilen bilelikde täze bir dartgynlyk ýüze çykar. Bu hem birnäçe wagtdan bäri dowam edýän ylalaşygyň bozulmagna sebäp bolar.

Ine şeýle şertlerde Fransiýa Parij tapgyry bilen Liwiýadaky şertleri özgertme synanşygy hasam ynjyklaşýar. Liwiýadaky meseleleri saýalwlar çözmez, emma saýlaw ýurduň ykbalyny ugrukdyrar.


Etiketkalar: #dartgynlyk , #saýlaw , #Liwiýa

Degişli Habarlar