Tunisdäki Syýasy Dartgynlyk

Hepdäniň syny

1683355
Tunisdäki Syýasy Dartgynlyk

Arap bahary ynkylaplaryndan galan ýeke-täk demokratik ýurt bolan Tunis agyr çykgynsyzlygy başdan geçirýär. Prezident Said ýekşenbe gijesi Mejlisiň ähli ygtyýarlaryny bir aý möhlet bilen bes edendigini, halk deputatlarynyň eldegirilmesizliklerini bes edendigini, Premýer-ministri Al Meşişini wezipeden boşadandygyny we täze bellenjek premýer-ministr bilen dolanşygy kabul edip aljakdygyny beýan etdi. 2011-nji ýyldaky Ýasemin ynkylabyndan bäri ýurtda başdan geçirilýän iň agyr çökgünlik, geljegini habar beripdi. Koronawirus pandemiýasy, döwlet üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy, işsizlik we galplyk sebäpli ýanwar aýyndan bäri Tunisiň şäherlerinde protestler geçirilýärdi. Ýanwar aýyndan bäri Prezident Said bilen Premýer-ministr Al Meşişinin arasynda düşnüşmezlik bardy. Said İçeri işler ministri bilen birlikde 11 ministriň wezipä bellenmegi hakyndaky kararlary tassyklamaýardy.

SETA-nyň Howpsuzlyk barlaglar boýunça Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2019-njy ýylda ikinji tapgyrda prezidentlige saýlanan Said, hukuk ylymlarynyň professory. Syýasata daşardan goşulan adam hökmünde syýasy partiýalara bolan garşydaşlygy bilen tanalýar. Wekilçilikli demokratiýany tankyt edýän we gönüden demokratiýa pikirine ýakyn durýan Said, şöhratparaz özboluşlyklara eýe. 2011-nji ýyldaky ynkylapdan bäri parlamentar ulgamyň meselelerine çözgüt tapylmaýandygyna garşy durýan halk köpçüligi bilen ýakyn gatnaşygy bar.

Mejlisdäki esasy partiýa bolan Al Nahdanyň ofislerine hüjümler guralypdy. Indi bolsa Prezident Said kanun çykaryş oranynyň işini bes edip, ähli dolandyryş we kazyýet ygtyýaryny özünde jemledi. Harby goşunyň goldaw bermeginde şu agdarlyşygy eden Saidiň, Tunisin syýasy-ykdysady meselelerine çözgüt tapmagy kyn bolsa gerek. Prezident Said, 2013-nji ýylda Müsürde edilen Sisi agdarlyşygyndan ugur alyp, Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlardan maliýe kömeginiň geljekdigini pikir edýän bolsa gerek. Birleşen Arap Emirlikleriniň birnäçe wagtdan bäri Tunisde işjeň pozisiýa eýeleýändigi bilinýärdi. Şol jähtden Aýlagyň täze bir durgunlykçy göçümi ýüze çykyp biler.

Mejlisiň Başlygy we Al Hahdanyň lideri Gannuşi Saidiň kararlaryny “ynkylaba we konstitutsiýa garşy agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsýetlendirdi hem-de Tunisiň halkyny agdarlyşyga garşy durmaga çagyrdy. Tunisiň 10 ýyl dowam eden gowşak demokratiýasy uly synagy başdan geçirýär. Prezident Saidiň syýasata garşy agdarlyşygy diňe bir arap dünýäsiniň ýeke-täk demokratik ýurdy kabul edilýän Tunisiň syýasy krizise sezewardygyny görkezmeýär. Şol bir wagtda arap dünýäsinde yslamçylaryň demokratiýa bilen utgaşykly tejribesiniň netijeli nusgasyny ortadan aýyrma howpy bar. Libiýanyň huntaçy generaly Haftar, Tunisdäki 25-nji iýul agdarlyşygyny Musulman doganlar meselesine esaslandyrmagy saýlap aldy.

Soňky 10 ýylda Al Nahda we Gannuşi deňagramly syýasat alyp barypdy. Käte prezidentlige dalaşgär hödürlemän, käte çepçi we liberal partiýalar bilen şäriklik edip dünýe gatlaklara egilşik etdi. Hatda 2016-njy ýylda “Tunisde syýasy yslamyň ýeriniň ýokdugyny” we özlerini “Musulman demokrat” hökmünde häsýetlendirendiklerini beýan etdi.

Al Nahda hereketiniň 10-njy maslahatynda “çakylyk” bilen “syýasatyň”, ýagny dini guramalaşma bilen partiýanyň aýrylandygy hakynda karar kabul etdi. Soňky çykgynsyzlyk Tunisiň demokratiýasy bilen birlikde Al Nahda we Gannuşi üçin hem agyr synag. Resmi Ankara bolsa Tunisde “konstitutsion ulgama garşy edilen agdarlyşyga” garşy durup, demokratiýanyň dessine dikeldilmegini isledi. Günbatar bolsa hemişekisi ýaly dymýar.

Geljek hepdelerde Tunisiň we Demirgazyk Afrika sebitinin geljegi taýdan iňňän möhüm. Tunisde demokratiýadan egilşik etmek sebite ýaramaz täsir ýetirer. Ýeke-täk çözgüt bolsa demokratiýa eýe çykyp, durnuklylygy üpjün etjek şertleriň döredilmegi.


Etiketkalar: #wezipe , #ygtyýar , #Tunis

Degişli Habarlar