Idlibde Türkiýäniň Hökümete Beren Möhleti Azalýar

Hepdäniň Syny

1369154
Idlibde Türkiýäniň Hökümete Beren Möhleti Azalýar

 

Idlibde Türkiýäniň Hökümete Beren Möhleti Azalýar

Idlibdäki gumanitar pajyga günsaýyn agyrlaşýar. Soňky birnäçe aýyň özünde öýlerinden jyda düşenleriň sany bir milliondan geçdi. Hökümet we şaýy söweşijiler gury ýerden, Russiýa bolsa howadan hüjümlerini dowam etdirýär. Diňe bir oppozision harby güýçler däl, eýsem asuda ilat we ilatly ýerler hem yzgiderli häsýetde nyşana alynýar. Türkiýe bolsa Idlibdäki gumanitar pajyganyň öňüni almak üçin syýasy we harby göçümlerini dowam etdirýär. Prezident Erdoganyň Siriýanyň hökümetine beren möhleti gutaryp barýar. Türkiýe Russiýa bilen gepleşikleri dowam etdirip, çykgynsyzlyga syýasy çözgüt tapmaga synanşýarka degişli harby göçümleri etmekde-de berkarar görünýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Idlibdäki çaknyşyklaryň iki esasy  ugurda dowam edýändigini görýäris. Birinjisi strategik ähmiýete eýe Naýrab-Sarakib ugry. Bu sebitde M4 we M5 gara ýollarynyň kesişýän ýerinde esasy ilatly ýerler ýerleşýär. Birnäçe hepde ozal hökümete degişli güýçler rus howa güýçleriniň goldawy bilen şol sebitleri almagyň hötdesinden gelipdi. Indi bolsa Türk ýaragly güýçleriniň goldaw bermeginde oppozision toparlar garşy hüjüme geçdiler we Naýraby halas etdi. Soň bolsa Sarakibiň çetki obalaryna tarap süýşmäge başladylar. Hökümete degişli güýçler bilen şaýy söweşijileriň agyr ýitgi çekendigi habar berilýär. Türkiýäniň söweşiň düşýän gymmatyny artdyrma strategiýasynyň esasy netijelerinden biri.

Çaknyşyklaryň dowam edýän ikinji ugry bolsa Jabatul Zawiýäni öz içine alýan günorta İdlib. Hökümete degişli güýçleriň şol sebitden demirgazyga tarap gidip, M4 gara ýoluna çenli barmak isleýändikleri görülýär. Türk goşuny oppozision toparlara goldaw bermek üçin şol sebitde ornaşmaga başlady. Hökümete degişli güýçler häzirki wagta çenli birnäçe obany almakdan aňyry geçip bilmediler.

Ýerlerde beýan edilen wakalar başdan geçirilýärkä stoluň başy hem gelim-gidimli. Türkiýe bir tarapdan ruslar bilen gepleşik alyp barýan bolsa, beýleki tarapdan halkara jemgyýetçiligini Idlib meselesinde herekete geçirmäge synanşýar. Esasanda ABŞ we käbir Ýewropa ýurtlary bilen dowam edýän diplomatik gepleşikler arkaly Russiýa we Eýrana basyş edilmek islenýär.

Idlib meselesinde ABŞ we Ýewropa ýurtlary bilen Türkiýäniň bähbitleriniň gabat gelýändigi görülýär. Ýewropa ýurtlary bosgun meselesine ünsli çemeleşýän bolsa, ABŞ Siriýada hökümetiň, Eýranyň we Russiýanyň ýeňiş yglan etmegini islemeýär. Emma bu taýda soralmaly esasy sorag: ABŞ-nyň goldawynyň diňe retoriki we etjek käbir gözboýama göçümlerden ybarat bolup bolmandygy. ABŞ Idlib nuktaý nazaryndan bähbitlerini goramak isleýän bolsa, has ýerlik we konkret başlangyçlar etmeli.

 


Etiketkalar: #çözgüt , #möhlet , #Idlib

Degişli Habarlar