Awtoulag Eksporty 11,79 Göterim Artdy
Awtoulag eksporty geçen ýyl 12 milliard 365 million 246 müň dollara barabar boldy.
2231400
Awtoulag pudagynyň eksporty geçen ýyl 12 milliard 365 million 246 müň dollara barabar boldy.
Uludag Awtoulag eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, 2023-nji ýylda 11 milliard 61 million 49 müň dollara barabar bolan awtoulag eksporty, 2024-nji ýylda 11,79 göterim artyp 12 milliard 365 million 246 müň dollara barabar boldy.
Fransiýa, Italiýa we Ispaniýa awtoulag eksportunda esasy orun eýeledi.
2024-nji ýylda Fransiýa 2 milliard 297 million 799 müň dollarlyk awtoulag eksport edildi.
Fransiýadan soň sanawda ikinji orny eýeleýän Italiýa 1 milliard 410 million 171 müň, üçünji orny eýeleýän Ispaniýa bolsa 1 milliard 256 million 235 müň dollarlyk awtoulag eksport edildi.