Türkiyäniň Oba hojalyk pudagy rekorduny täzeledi

Türkiyäniň Oba hojalyk pudagy 2024-nji ýylda 36,2 milliard dollar bilen ähli döwürleriň iň ýokary ýyllyk eksportyna ýetdi

2229551
Türkiyäniň Oba hojalyk pudagy rekorduny täzeledi

Türkiyäniň Ekportçylar mejlisiniň berýän maglumatyna görä, geçen ýyl Türkiyäniň umumy eksportynda oba hojalyk pudagynyň paýy 16 göterim boldy. 

Bu ugurda iş alyp barýan 10 pudagyň ikisi, ähli wagtlaryň iň ýokary ýyllyk eksportyna ýetdi.

Şoňa laýyklykda geçen ýyl miwe we gök önümleri 2,7 milliard dollar, kakadylan miweler we önümler 1,9 milliard dollar eksport amala aşyrdy. 

Geçen ýyl miwe we gök önümleriniň eksporty 1,2 göterim, guradylan miweleriň we önümleriň eksporty 0,8 göterim ýokarlandy.

Rekord goýýan pudaklaryň iň köp eksport amala aşyran ýurtlara seredenimizde ABŞ we Germaniýa öň hatara çykdy. 

Kakadylan miwe we önümler pudagynda Germaniýa 247,3 million dollarlyk eksport edildi, miwe we gök önümlerde ABŞ-na 429,4 million dollarlyk eksport ýerine ýetirildi. 



Degişli Habarlar