Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Türkiyäniň Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek, Katar we Kuweýte resmi sapar amala aşyrar
Gazna we Maliýe ministrliginden alnan maglumata görä, mehmet Şimşek programmasynyň çäklerinde şu gün Katara sapar gurar.
Ministr Şimşek ilki paýtagt Doha şäherinde, Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşar.
Ondan soň bolsa Maliýe ministri Ali bin Ahmed al-Kewari we Kataryň Maýa goýum edarasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Mansur bin Ibrahim al-Mahmud bilen duşuşmagyna garaşylýan Mehmet Şimşek, şeýle hem "Invest in Türkiye" maksatnamasynyň çäklerinde maýadarlar bilen duşuşyk geçirer.
Dohada geçirjek duşuşyklaryndan soň Kuweýte geçjek Mehmet Şimşek, ol ýerde Maliýe ministri we Ykdysadyýet hem-de Maýa goýumlardan jogapkär döwlet ministri Nura Süleýman al-Fassam bilen birlikde Kuweýdiň Maýa goýum edarasynyň baş ýerine ýetirijisi Ganim Süleýman al-Guneýman bilen duşuşar.
Ministr Şimşek, Kuweýtde geçiriljek maýadarlar maslahatyndan soň Türkiyä gaýdyp geler.