Türkiyäniň eksporty 193 milliard dollara ýetdi

Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat sentýabr aýy üçin daşary söwda bilen bagly maglumatlary beýan etdi

2193920
Türkiyäniň eksporty 193 milliard dollara ýetdi

Söwda ministri Ömer Bolat şu ýylyň ilkinji 9 aýynda eksportyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 3,2 göterimlik artyş bilen 193 milliard dollara, importyň bolsa 7,9 göterimlik azalyş bilen 253 milliard dollara ýetendigini habar berdi. 

Ministr Ömer Bolat: "Daşary söwda ýetmezçiligi ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň 9 aýy bilen deňeşdirilende 31,5 göterimlik azalyş bilen 87,7 milliard dollardan 60,1 milliard dollara çenli aşaklady" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar