TOGG-yň Täze Modeli 2025-nji Ýylda Satuwa Çykarlar
Kajyr, ýerli we milli ulagyň önümçilik işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýtdy.
Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Türkiýäniň ýerli we milli ulagy TOGG-yň täze modeli T10F-y synagdan geçirdi.
TOGG-yň täze modeli T10F-yň 2025-nji ýylda ulanylmaga berilmegi üçin taýarlyklar dowam edýär.
Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Bursanyň Gemlik etrabynda ýerleşýän Türkiýäniň awtoulagy TOGG-yň önümçilik desgasyna baryp gördi.
Firmanyň ýolbaşçylaryndan ulag hakynda maglumat alan Kajyr, ýerli we milli ulagyň önümçilik işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýtdy.
TOGG-yň täze modeli T10F-yň geljek ýyl satuwa çykaryljakdygyny aýdan Kajyr, ulag hakynda maglumat berdi.
Ministr Kajyr, T10F-yň sportiw dizaýny we bar bolan SUW modelinden 80 kilometr artykmaç ýol aralygy bilen ünsleri özüne çekýändigini ýatlatdy.