Türkiyäniň Söwda ministri Türkmenistanda saparda bolýar

Türkiye bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösýär

2217010
Türkiyäniň Söwda ministri Türkmenistanda saparda bolýar

Türk kärhanalary şu güne çenli Türkmenistanda 1 müňden gowrak taslama amala aşyrdy.

Aşgabatda saparda bolýan Türkiyäniň Söwda ministri Ömer Bolat nobatdaky maksatlarynyň iki ýurduň arasynda 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetmekdigini aýtdy.

11-nji Türkiye Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyşynda çykyş eden Ömer Bolat, Türkiyäniň Türkmenistanda alyp barýan potratçylyk işlerine ünsleri çekdi. 

Ministr Ömer Bolat: "Türkiyäniň potratçy kärhanalary Türkmenistany ösdürmekde möhüm gyzyklanýan tarap hökmünde 1087 taslamany durmuşa geçirdi we Türkmenistanda jemi 53,5 milliard dollarlyk gurluşyk işlerini amala aşyrdy" diýip habar berdi. 

2 gün dowam etjek sergä 75 türk kärhanasy gatnaşýar. 



Degişli Habarlar