Türkmenistan Eýranyň täze hökümedi bilen gatnaşyklaryny güýçlendirýär
Türkmen halkynyň Milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Eýran Yslam Respublikasynyň täze hökümediniň düzümi bilen Tähranda duşuşyk geçirdi
Duşuşykda diplomatik gatnaşyklar arkaly gazanylan strategiki derejä kanagatlanma bildirildi. Energetika, transport we gümrük hyzmatlary pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada iki ýurduň arasynda özara düşünişmek memorandumyna gol çekildi.
Türkmenistan günorta goňşusy bolan Eýran bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny güýçlendirýär. Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana sapar gurap, Eýranyň prezidenti Mesut Pezeşkiýan we dini lideri Aýatullah Ali Hameneý bilen duşuşyk geçirdi.
Eýranda döredilen täze hökümede üstünlikler arzuw eden Berdimuhamedow Türkmen-Eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki wagtda täze dinamikalar bilen şekillenýändigini aýtdy. Eýran tarapy hem gatnaşyklaryň ösmeginden kanagatlydygyny mälim etdi we hyzmatdaşlyk ugurlarynda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Soň bolsa wekiliýetleriň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapy, Eýrana iberilýän gazyň mukdaryny ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak we tebigy gazdan öndürilýän elektrik energiýasyny Eýrana ugratmak isleýär. Bu maksat bilen Türkmenistanda iki sany täze gaz kompressory we 125 kilometrlik turbageçiriji gurmak meýilleşdirilýär. Beýleki tarapdan, günorta-demirgazyk ugrunda uzalyp gidýän Türkmenistandan Gazagystana barýan demirýol liniýasynda ýük gatnawynyň artdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Iki ýurduň hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli Türkmen-Eýran gepleşikleriň netijesinde energetika, ulag, gümrük hyzmatlary ugurlarynda özara düşünişmek memorandumyna gol çekildi. 2025-2026-njy ýyllary öz içine alýan Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy kabul edildi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Söwda ministri Türkmenistanda saparda bolýar
Türkiye bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösýär