Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi

Agyr ýaralanan we hassahanada bejergi astyna alynan ofiser Ufuk Akynjynyň halas edilip bilinmändigi we şehit bolandygy nygtaldy.

2233971
Yragyň Demirgazygyndan Şehit Habary Geldi

Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ot açylmagy netijesinde 1 esger şehit boldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan ot açylmagy sebäpli ofiser Ufuk Akynjynyň ýaralanandygy bellenildi.

Agyr ýaralanan we hassahanada bejergi astyna alynan ofiser Ufuk Akynjynyň halas edilip bilinmändigi we şehit bolandygy nygtaldy.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda şehit bolan ofiser Ufuk Akynjy üçin gynanç bildirdi we terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini belleni.

 



Degişli Habarlar