Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Fidan Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri bin Ferhan bilen ÝB-nyň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Kalla bilen duşuşdy.
2229590
![Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/21e1/0139/a708/67823e491107c.jpg?time=1738782456)
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda geçirlen Siriýa temaly maslahatyň çäginde Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan bilen ÝB-nyň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Kaža Kalla bilen duşuşdy.
Daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, ministr Hakan Fidanyň Saud Arabystanly kärdeşi bin Ferhan bilen duşuşandygy nygtaldy.
Habarnamada, Daşary işler ministri Fidanyň ÝB-nyň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Kaža Kalla bilen hem duşuşdygy ýatladyldy.
Hakan Fidan Saud Arabystanynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Syýasy işlerden jogapkär kömekçisi Jon Bassy hem kabul etdi.