Yrakda we Siriýada PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2229538
Yrakda we Siriýada PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, terrorçylaryň özlerine garaşýan soňdan halas bolup bilmejekdigi habar berildi. 

Beýanatda Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp we Metina sebitlerinde anyklan PKK-a agza 3 terrorçy bilen Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany we Parahatçylyk Çeşmesi sebitlerinde anyklan PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Terrory gözbaşynda ýok etmek üçin öňünden kesgitläp bolmajak, öwrenşilmedik, tiz we üznüksiz operasiýalara dowam ederis" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #Siriýa , #Yrak

Degişli Habarlar