Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi
Milli howpsuzlyk geňeşi Türkiyäniň Siriýanyň territorial bütewiliginiň we birliginiň goralyp saklanmagyna hemişe güýçli ýagdaýda goldaw berendigini we zerur bolan ähli goşantlary goşmaga taýardygyny habar berdi
Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezident köşgünde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama çap edildi.
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalaryň, asuda ilatyň janynyň we emläginiň howpsuzlygyna zeper ýetmezligi üçin zerur bolan ähli çäreleriň möhümdigi bellenen jarnamada: "Maslahatda Siriýanyň režiminiň öz halky we kanuny oppozisiýa bilen ylalaşmagynyň zerurdygyna ýene-de bir gezek göz ýetirilendigi, ýurdumyzyň Siriýanyň territorial bütewiliginiň we birliginiň goralyp saklanmagyna hemişe güýçli ýagdaýda goldaw berendigi we zerur bolan ähli goşantlary goşmaga taýardygy, durnuksyzlyk gurşawyndan peýdalanmaga synanyşýan terror guramalaryna asla rugsat berilmejekdigi, milli howpsuzlygymyza we halkymyza garşy islendik howpuň ýok ediljekdigi beýan edildi" diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Daşary işler ministri BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan düýn BAE-ne guran saparynda biri birinden tapawutly duşuşyklar geçiripdi