Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Söwda Ministrini Kabul Etdi
Söwda ministri Ömer Bolat Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda kesgitlenen 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna gysga möhletde ýetmegi nazarda tutýandyklaryny aýtdy.
Ömer Bolat paýtagt Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň 11-nji Eksport önümleriniň sergisine gatnaşmak üçin guran saparynyň çäginde Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
Ministr Balat Aşgabatda beren beýanatynda doganlyk gatnaşyklaryndan güýç alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň esasanda soňky ýyllarda möhüm ösüş edendigini nygtap, Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary Türkmenistanyň Ministrleriniň Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen utgaşykly alyp dowam etdirýändiklerini aýtdy.
Ministr Bolat bilelikdäki tagallalaryň netijesinde söwda mukdarynyň 2,7 milliard dollara golaýlandygyna ünsi çekip; “İki taraply maýa goýumlaryymyz 200 million dollardan geçdi we kärendeçilerimiz Türkmenistanda 53,5 milliard dollar gymmaty bolan 1100-e golaý taslamany ýerine ýetirdiler. Söwda, maýa goýumlary we potratçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlymyzy hasam ösdürmek mümkin. Esasy maksadymyz 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna gysga möhletde ýetmek” diýdi.
Degişli Habarlar
Uçar Heläkçiliginden 32 Adam Halas Boldy
Azerbaýjanda şu gün 1 günlük milli ýasyň yglan edilmegi boýuna karar kabul edildi
Özbegistan Owganystana lukmançylyk kömegini berdi
Özbegistan azyk, derman we lukmançylyk enjamlaryny alyp barýan kömek otlusyny Owganystana iberdi