Türkiýäniň Assos şäherinde 2200 ýyllyk mozaika tapyldy
Mozaika, çylşyrymly geometrik we gül şekilleri bilen bezelen.
2233575
![Türkiýäniň Assos şäherinde 2200 ýyllyk mozaika tapyldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/d69b/73c7/cfa7/5d83647e0e5a7.jpg?time=1738781707)
Arheologlar Türkiýäniň gadymy Assos şäherinde 2200 ýyllyk ajaýyp mozaika we 1800 ýyllyk gubyr tapyldy.
Seýrek gabat gelýän eserlerden biri bolandygy beýan edilen mozaika, çylşyrymly geometrik we gül şekilleri bilen bezelen.
Şol bezegleriň soňky ýyllarda Wizantiýa döwrüniň sport desgalaryny bezemek üçin hem peýdalanylandygy çaklanylýar.
Gazuw-agtaryş toparynyň ýolbaşçysy Nurettin Arslan edilen açyşy Anadoludaky elenistik sungatynyň irki nusgalaryndan biri diýip, häsýetlendirdi.