TRT Damaskda wekilhana açar

Türkiyäniň Radio we telewidneiýe guramasy (TRT) Siriýanyň paýtagty Damaskda wekilhana açar

2231615
TRT Damaskda wekilhana açar

TRT-nyň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajynyň görkezmesi bilen TRT-nyň Damaskda daşary ýurt wekilhanasyny açmak üçin işe girişildi. 

Bu nukdaýnazardan, Siriýanyň Maglumatlar ministrligi bilen wekilhananyň akkreditasiýasy we resmi işler barada geňeşmeler geçirilýär. 

Zerur rugsatlar alnandan soň, TRT-nyň Damaskdaky wekilhanasy işe başlar, wakalary ol ýerden dünýä jemgyýetçiligine ýetirer. 

Damask şäherindäki wekilhananyň açylmagy bilen TRT-nyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň sany 19-a ýeter.


Etiketkalar: #Siriýa , #wekilhana , #Damask , #TRT

Degişli Habarlar