Gadymy Efes Şäherine Gelýän Syýahatçylaryň Sany Köpelýär
Efes şäherine 8 aýda dünýäniň çar tarapyndan we Türkiýeden 1 million 854 müň 220 syýahatçy geldi.
ÝUNESKO-nyň dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan gadymy Efes şäherine 8 aýda dünýäniň çar tarapyndan we Türkiýeden 1 million 854 müň 220 syýahatçy geldi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, gadymy Efes şaherine 8 aýda 1 million 854 müň 220 adam baryp gördi.
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde gadymy Efes şäherine 1 million 150 müň 529 adam baryp görüpdi.
Gadymy Efes şäheri Jelsus kitaphanasy, Agora meýdany, Kuretler köçesi, Domitian ybadathanasy, Tražan çeşmesi, 25 müň adamlyk gadymy teatry we stadiony bilen ýakyndan tanalýar.
Degişli Habarlar
Kruiz Gämileri Amasra Gelmäge Dowam Edýär
Amasra gelen kruiz gämisiniň 1015 ýolagçysy bilen 454 adamlyk ekipažy bar.
Müsüriň Gadymy Taryhyn Boyuňça Möhüm Açyş Edildi
Arheologlar Müsürde Şa Gatsepsutyň gadymy ybadathanasyny tapdylar