Ysparta Senirkent Gelin fesi

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

2217927
Ysparta Senirkent Gelin fesi

Türkiyäniň Ortaýer deňizi sebitindäki ajaýyp Toros daglarynyň eteginde ýerleşýän Ysparta şäheriniň Senirkent etraby geçmişi ýüzlerçe ýyla uzap gidýän toý dabaralarynda başa atylýan fesleriň görnüşleriniň birine öz adyny berdi. Senirkent Gelin fesi etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Senirkent Gelin fesi esasy bölegi kolalanan we gatadylan keçeden ýasalan, ýokarsy sebite mahsus görnüşde bezelen başatgyçdyr. El işi bilen öndürilýän Senirkent gelin fesiniň taryhy ençeme asyr öň başlan türk däp-dessurlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Başatgyç öýlenýän ýigidiň maşgalasy tarapyndan taýýarlanyp, toýdan öň geline sowgat berilýär. Senirkent Gelin fesi şahsy sargyt esasynda öndürilýändigi sebäpli, ilki bilen durmuşa çykjak gyzyň baş ölçegi alynýar. Ondan soň kolalanan we gatadylan keçe taýarlanyp, önümçilige geçilýär. Başatgyjyň öň tarapynda 20 gram altyn ýa-da altyn reňkli bezeglerden ybarat bolan we maňlaýlyk diýilýän bir bölüm bar. Onuň ýokarky bölegine 80 gramlyk altyn düzülýär we sag hem-de çep tarapyna her birine 1 sany jumhutiýet diýip atlandyrylýan altyn bölegi dikilýär. Fesiň ýokarky böleginde ösümlik täji ýerleşdirilýär. Bu bölümde hem ululygy üýtgeýän göknar ösümligine mahsus 16 sany reňkli gül baldagynyň nagyşlary bar. Baldaklar ýerleşdirilenden soň gelin fesi, gymmatly daşlar, ýantarlar we tokalar bilen bezelýär we Senirkent Gelin Fesi toý üçin ulanyşa taýýar ýagdaýa getirilýär.


Etiketkalar: #fes , #gelin , #Senirkent , #Ysparta

Degişli Habarlar