Aliýa Izzetbegowiç
Türk dünýäsine bagşedilen ömürler
Bosniýanyň musulman-türk halklarynyň lideri we Bosniýa-Gersegowinanyň ilkinji Prezidenti Aliýa Izzetbegowiç hakynda maglumat bermekçi.
Aliýa Izzetbegowiç 1925-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bosniýa-Gersegowinanyň Bosanski Samas şäherinde dünýä inýär. Gurply maşgalada doglan we atdaşy bolan atasy, Stambulda Osman goşunynyň ýokary wezipelerinde işlän ofiseridi. Kakasy Mustafa söwda bilen meşgullanypdyr we çagalaryny eşretli durmuşda ýaşatmak üçin Aliýa entek iki ýaşyndaka Saraýewo ýerleşýär. Maşgala agzalaryndan we esasanda ejesinden dini sowat öwrenen Aliýa, Saraýewonyň saýlama mekdeplerinden biri bolan 1-nji Oglanlar liseýinde okaýar. Ýaş Aliýa liseýde okan ýyllarynda Ýaş musulmanlar jemgyýetinde dürli wezipelerde işleýär.
1945-nji ýylda Titonuň liderlik edýän Partizan goşunynyň Saraýewony Horwatiýadan halas etmegine meýletin gatnaşýar. Emma ozalky yslamy hereketleri sebäpli harby gullugy dowam edýärkä 1946-njy ýylyň 1-nji martynda tussag edilip, 3 ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Tussaglykdan çykandan soň öýlenýär we hukuk fakultetine girýär. 1956-njy ýylda hukuk fakultetini gutaran Aliýa Izzetbegowiç, uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet edaralarynda hukuky geňeşçi bolup işleýär. Şol bir wagtda-da musulmanlygyň günbatarda gündelik durmuşda nähili ýaşalmalydygy hakynda ylmy barlaglar geçirýär. Hem şahsy hem-de topar görnüşinde kitaplar ýazýar, çykyşlar taýýarlaýar, dünýäniň dürli ýurtlarynda konferensiýalar berýär. Kommunizme geçen Ýugoslawiýada günsaýyn şöhratlanan Aliýa Izzetbegowiç, ünsden düşürilmeýär we 1983-njşi ýylda halka duşmançylyk we ýigrenç duýgusyny ýaýratmakdan 14 ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Tussaghanada bile bolan dostlaryndan soňky ýyllarda Bosniýa-Gersegowina üçin başlatjak syýasy garaşsyzlyk we azatlyk göreşiniň özenini emele getirjek kadrlary saýlaýar. Dünýädäki musulman halkaryň we günbataryň azatlygy meselesindäki gysyşlaryna artykmaç çydamadyk Ýugoslawiýa 1988-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aliýa Izzebegowiçi azat etmeli bolýar. Ýurtdaky boşnýak we alban musulmanlaryň gelejegini göz öňünde tutup, 1990-njy ýylyň martynda Demokratik aksiýa partiýasyny döredýär. 1990-njy ýylyň 5-nji martynda saýlawda üstün çykyp, Bosniýa-Gersegowinanyň ilkinji prezidenligine saýlanýar.
1992-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen referendumda Bosniýa-Gersegowina garaşsyzlygyny yglan edýär. Emma ýurdy serpleriň hüjümine sezewar bolanda, durnukly we seresaply syýasat alyp baryp, ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almaga çalyşýar. Şol göreşi, üç ýyl dowam eden pajygaly uruşy 1995-nji ýylda bes etdiren Daýton ylalaşygy bilen netijelenýär. Uruşda we uruşdan soň halkara gysyşlara sezewar bolan hem bolsa, Bosniýanyň garaşsyzlygy üçin güýçli diplomatik we harby tagalla edýär. 1996-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Daýtondan son geçirilen ilkinji saýlawda boşnýak, serp we horwat wekillerden ybarat Prezidiumyň agzalygyna saýlanýar we onuň başlyklygyny ýerine ýetirýär. 1998-nji ýyldaky salawa gatnaşmak islemeýändigine garamazdan Demokatik aksiýa partiýasynyň Merkezi komitetiniň kararyna laýyklykda gaýtadan dalaşgär bolýar we üstün çykyp, Prezidiumyň başlyklygyny dowam etdirýär. Saglyk ýagdaýy sebäpli 2000-nji ýylda wezipeden çekilýär we 2003-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda dünýeden ötýär.
Aliýa Izzetbegowiç syýasy şahsyýetiniň ýany bilen yslamy pikirleri bilen hem tanalýardy. 1960-njy ýyllaryň ahyrlaryndan başlap, 1980-nji ýyllaryň başynda gutaran “Gündogaryň we günbataryň arasyndaky yslam” atly eseri, Izzetbegowiçiň pelsepewi çuňlugyny hem-de yslam düşünjesindäki giň garaýyşyny görkezýär. “Musulmanlar näme sebäpden yzda galdy?”, “Gurhanyn 1400-nji ýylynda garaýyşlar”, “Yslam we täze döwür”, “Yslam ynkylaby üçin”, “Yslam we musulmanlaryň milli hem-de jemgyýetçilik azatlyk göreşi” ýaly temalarda ençeme dokladlar bilen konferensiýalarda çykyş edýär.
Uruş ýyllarynda nemes žurnalistine beren interwýusynda dünýä garaýyşyny şeýle beýan edýär: “Men tolerantly bolsam, ilki musulman bolanym üçin, soň hem ýewropalydygym üçindir. Ýewropa käbir ýalňyşlyklary edýär we ap-açyk hakykatlara garamazdan olardan el çekmez. Mysal üçin bu uruşda Bosniýada ýüzlerçe buthana we metjit ýakyldy. Olaryň ählisini ýewropalylar ýyk etdi, boşnýaklar hiç zada zeper ýetirmediler. Türk dolanşygy beýle göwnejaý bolmasa hem, hristian halky we olaryň esasy orta asyr mirasyny 500 ýyl gorapdyr. Belgradyň golaýyndaky Fruşka Gora manastyry Osman döwletinde 300 ýyl goralypdyr. Emma Ýewropanyň häkimiýetinde üç ýylam goralyp bilinmedi, 2-nji Jahan urşunda ýykyldy.”
Izzetbegowiç diniň we ahlagyň medeniýetiň özenini emele getirýändigini, din bilen bitewileşen medeniýetiň adamzady gowulyga ýetirjekdigini, dinsiz medeniýetiň bolsa ahlaky ýoksullyga sebäp boljakdygyny beýan edýär. Ol, ömüriniň ahyryna çenli garaşsyzlyk göreşi, yslam hakyndaky pikirleri, parahatçylyk we ylalaşyk ugrundaky tagallalary we adalata bolan ynamy bilen ýatdan çykmajak beýik adamdyr. Pikirleri, syýasaty we uruş döwründe lider hökmünde eýelän pozisiýasy bilen boşnýak halkynyň aňyndan öçmejek yzgaldyran Aliýa Izzetbegowiç diňe bir Balkanlarda däl, bütin musulman dünýäsinde çuňňur miras goýup gitdi.