Tennis hakda söhbet...
Çünki
Bu gün Türkiýede giňden ýaýramadyk, dünýä bilen deňeşdirilende az sanly janköýer tarapyndan tomaşa edilýän teniss hakynda söhbet etmekçi. Teleýaýlymlarda gabat gelen tennis bäsleşiklerimizde sanlaryň tapawutly sanalýandygyny görýäris. Bu tapawuda göz ýetirmek üçin tennisde sanlar 15-30-40 görnüşinde, çünki diýip, söze başlaýarys.
Tennis, asly 12-nji asyr Fransiýasyna çenli uzap gidýän, 19-njy asyrda Britaniýada soňky formasyna eýe bolan sport ugrydyr. Tennis dünýäsiniň iki esasny turniri adybir ýurtlarda geçirilýär. 1887-nji ýyldan bäri Londonda geçirilýän Wimbledon tennis turnirinde bäsleşikler çim kortda, 1891-nji ýyldan bäri gçeirilýän Pariždäki Roland Garos ýa-da Fransiýanyň açyk turnirinde bolsa gum kortda oýnalýar. Şol turnirlerde zenanlar kategoriýasynda iki, erkeklerde bolsa üç tapgyrda üstün çykan türgenler ýeňiji bolýar. Bir tapgyry utmak üçin 15, 30, 40 görnüşinde atlandyrylýan üç baldan soň yzly-yzyna iki bal almaly. 40-dan soň san “adwentj” atlandyrylýar. Şol baly alan türgen soňky sany alyp bilmese, adwentji pozulýar.
Tennisde ballaryň 15, 30 we 40 hökmünde sanalmagy sagadyň diline laýyklykda edilýän hasaplamadan gelip çykýar. İrki döwürlerde oýundaky ballar sagadyň çärýekleri bilen; 15, 30 ,45 we 60 hökmünde beýan edilýär. Emma fransuz diğlinde 45 uzyn aýdylýandygy üçin wagtyň geçmegi bilen ýeňil bolan 40 sifri saýlanyp alynýar.
Tennisiň bal ulgamynda şeýle hem “juus” atlandyrylan deňlik adalgasy,beýleki sport ugurlaryndan tapawutlydyr. Eger-de iki oýunçy hem 40 bala ýetse, juus ýagdaýyna geçişýär we oýunda üstün çykmak üçin yzly-yzyna iki bal alynmaly. Käbir bäsleşiklerde 40-40-dan soň türgenleriň bal alyp, deňligi üýtgedip bilmäni üçin oýunyň uzaga çekýän wagtlary bolýar. Bu ulgam, tennisi beýleki sport görnüşlerinden tapawutlandyrýan özbolyşlyk hökmünde öňe saýlanýar.