Horasan Türkçesi

Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi

2194889
Horasan Türkçesi

Horasan sözi köne pars dilinde “hur” (Gün) we asan ýa-da aýan (dogulan, gelen) sözlerinden gelip çykypdyr we “Günüň dogýan ýeri, güneşli ýurt, gündogar sebit” manysyna gelýär. Horasan taryhda Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän uly bir geografik territoriýanyň adydyr. Häzirki günde sebitiň territoriýasy 3 3 aýry sebite bolünip, Mary, Nusaý we Sarahs sebitleri Türkmenistanyň, Balh we Hyrat sebitleri Owganystanyň, galan bölegi bolsa Eýranyň serhetleriniň çäginde ýerleşýär. Iň uly territoriýa bolsa Eýrana degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, Eýran dünýäde dil taýdan iň soňky açylan ýurtlaryň biridir. Bu ýagdaýyň esasan hem Eýranyň territoriýasynda ýaşaýan türki halklaryň dilleri üçin degişli diýip bileris.

“Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde adyny türk kowumlaryndan däl, eýsem ýaşaýan geografiýadan alan we ylmy dünýä tarapyndan 20-nji asyrda ýüze çykarylan Horasan türkleri, Horasan türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Horasan türk dili barada gürrüň bermek isleýäris. 

Horasan türkleri häzirki günde esasan hem Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Demirgazyk Horasan we Rezewi Horasan welaýatlarynda ýaşaýarlar. Bu sebitde ýaşaýan türki halklar barada çürt kesik maglumat ýokdur, emma germaniýaly alym Gerhard Doerfer 1977-nji ýylda geçiren ylmy işleriniň netijesinde Horasan türkleriniň ilatynyň 2 milliondygyny aýdyp geçýär.

Horasan türkleriniň XI asyrda Seljuklylaryň ýolbaşçylygynda häzirki ýaşaýan ýerlerine gelendigi mälimdir. Bu döwürden soň, Horasan sebtine güýçli türk göçüniň başlamagy bilen, sebit doly Seljukly sebitine öwrüldi. Häzirki wagtda Eýranyň Horasan sebitinde ýaşaýan türkleriň hem şol Oguz Seljuklylaryň nebereleridigi pikir edilýär.

Şu günki güne çenli alymlar Horasan türk dilini öwrenen hem bolsa, dil aýratynlyklary barada yeterlik derejede maglumatymyz ýokdyr. Horasan türkleri, olaryň dili we medeniýeti ilkinji gezek 1926-njy ýylda rus gündogary öwreniji alymy Wladimir Alekseýewiç Iwanow tarapyndan ylmy dünýä bilen tanyşdyryldy. Gerhard Doerfer (1977) ilkinji bolup Horasan türkçesini jikme-jik öwrenip, olaryň dilleri barada möhüm maglumatlary berdi.

Şol maglumatlara laýyklykda Horasan türkçesi Eýranyň Horasan welaýatynda ýaşaýan Oguz türkleri tarapyndan gepleşilýän, Oguz diline mahsus bolan aýratynlyklaryny özünde jemleýän dialektdir. Türk dialektleriň geografiki we dil ýörelgelerine laýyklykdaky klassifikasiýasynda Günorta-günbatar we Oguz toparyna degişlidir. Horasan türkçesi Horasan sebitinden daşary Türkmenistanyň günortasynda kiçiräk bir territoriýada hem gepleşilýär. Horasanyň halky ýaşaýan geografiýasynda öz dillerini azerbaýjan we türkmen dillerinden tapawutlandyrmak üçin öz dialektlerine "türki" diýip at beripdirler.  

Mälim bolşy ýaly, Horasan göç we çozuş ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi sebäpli dürli halklardan ybarat ilata eýedir. Şol sebäpli Horasan sebitinde dürli dillerde gepleşilýär. Mundan başgada, Eýranda resmi dil pars dili bolmagy we sosial, ykdysady we medeni taýdan peýdaly bolmagy sebäpli, Horasan türk diliniň ulanylyşy kem-kemden azalýar. Şonuň bilen birlikde türk dilinde bilim berilmeýändigi sebäpli, türk dilinde metbugatyň we ýaýlymyň az derejede bolmagy we käbir türk maşgalalaryň pars dilini ene dil hökmünde kabul etmekleri netijesinde, şonsuz hem gepleşilýän dil hökmünde barlygyny dowam etdirýän Horasan türkçesiniň ulanylyşy kem-kemden azalýar. Şol sebäpli Horasan türk dili ÝUNESKO tarapyndan 2010-njy ýylda çap edilen “Howp astyndaky dilleriň Gyzyl kitabynda” “Ölüp barýan diller” kategoriýasynda hasaba alyndy.

 Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Horasan türkleri, Horasan türkleriniň ýaşaýan ýerleri we Horasan türk dilini gürrüň berýän gepleşigimiziň nobatdaky bölümini tamamlaýarys. Nobatdaky bölümde türk dialektiniň gepleşilýän tapawutly bir geografiýada duşuşarys.


Etiketkalar: #türkçe , #türk dili , #Horasan

Degişli Habarlar